GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINE AGZA ÝURTLARYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrleriniň täze koronawirus ýokanjynyň meseleleri boýunça onlaýn duşuşygy geçirildi.

Geçirilen çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiligi üçin uly wehime öwrülen koronawirus ýokanjyna garşy umumy güýçleriň utgaşdyrylmagy ýaly häzirki zaman sebit we global meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy öz çykyşynda, Goşulyşmazlyk hereketiniň aragatnaşyk toparynyň agzalaryna Türkmenistanyň hökümetiniň ýurda howply koronawirusyň girmeginiň öňüni almak üçin amala aşyrylýan çäreleri, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin sebit ýurtlary bilen alnyp barylýan işler barada habar berdi. Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji maýynda Goşulmazlyk hereketiniň sammitinde “pandemiýa garşy netijeli göreşmek bütin halkara bileleşiginden bilelikdäki, umumy we raýdaşlyk hereketlerini talap edýär" diýip, eden çykyşy barada bellenildi.

Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli alyp barmak bilen Türkmenistan, sebitleýin we global ölçeglerde abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän giň we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýar.