AWSTRIÝANYŇ IMC KREMS AMALY YLYMLAR UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. IMC Krems amaly ylymlar uniwersiteti bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy gurnamak boýunça Türkmenistandan bilermenler wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna sapary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Awstriýa tarapy wekiliýetler bilen alyş-çalşygyň saglygy goraýşyň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.   

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli meýilnamasynyň wajyp ornuna aýratyn üns çekildi, çünki ol parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagy babatynda Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek doly subut edýär.