TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI ENERGETIKA HARTIÝASYNA ŞERTNAMANY DÖWREBAPLAŞDYRMAK BOÝUNÇA TOPARYŇ GEPLEŞIKLERINE GATNAŞÝARLAR

8-nji sentýabrda Energetika Hartiýasyna Şertnamany döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň halkara gepleşikleriniň ikinji tapgyry öz işine başlady. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis 11-nji sentýabrda tamamlanar.

Gepleşiklere türkmen tarapyndan «Türkmennebit» we «Türkmengaz» Döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Energetika, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Energetika Hartiýasyna Şertnama energiýa serişdeleriniň halkara söwdasy hem-de olaryň döwletara nebit we gaz geçirijilerinden, elektrik geçirijilerinden üstaşyr geçirilmegi bilen baglanşykly syýasy, ykdysady hem-de hukuk häsiýetli dürli meseleleriň çözülmegine gönükdirilen ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşykdyr. Şertnama 50-den gowrak ýurt, şol sanda Türkmenistan gol çekdiler.

Gepleşiklerde energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi, infrastrukturalaryň elýeterligi, nyrhnamalary emele getirmegiň ýörelgeleri, durnukly ösüş we durmuş taýdan köpçülikleýin jogapkärçilik, jedelli ýagdaýlaryň çözülmegi, şeýle-de energiýa serişdelerini ibermek ulgamyndaky geleşiklere we ylalaşyklara gatnaşyjylaryň hereketleriniň aýdyňlygy ýaly derwaýys meseleleriň ençemesine garaldy.

Onlaýn-duşuşyga gatnaşanlar Şertnamanyň taraplarynyň, şol sanda üstaşyr geçirmeler, maýa goýumlary, energiýa howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň söwdasy ulgamlarynda hukuklaryna hem-de borçlaryna gaýtadan garalmagynyň zerurlygy barada umumy bir pikire geldiler.