TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISINIŇ ÝEREWAN ŞÄHER HÄKIMI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ýerewan şäher häkimi Haýk Marutýan duşuşdylar.

Ýerewan şäher häkimi türkmen diplomaty bilen mähirli salamlaşyp, şäher häkimliginiň gündelik alyp barýan işi we ermeni-türkmen gatnaşyklary barada umumylykda gürrüň berdi.

Ilçi M.Aýazow öz gezeginde Türkmenistnyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryp, şu ýyl Türkmenistanyň ýubileý senesini - BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini we bu statusyň döwletiň parahatçylyk syýasatyna edýän täsiri barada aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri bilen gysgaça tanyşdyryp, her ýylda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp gurnalýan sergileri we geçirilýän çäreleri barada gürrüň berdi.

2014-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat bilen Ýerewan şäherleriň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada gol çekilen Ylalaşyga salgylanyp, ynsanperwer gatnaşyklary barada giň gerimini öz içine alýan ylalaşykda görkezilen ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny taraplar tassykladylar. Hususan-da, bilim, medeniýet, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi.

Jenap Ilçi Ilçihananyň Aşgabat we Ýerewan şäherleriniň günlerine bagyşlanan çäreleri geçirmekde hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny aýtdy we her ýylyň 25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara konferensiýasynyň we sergisiniň geçirilýändigini habar berdi. Bu bolsa halkara gatnaşyklarynyň ösmegine we pugtalandyrylmagyna, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyna hem-de Aşgabat şäheriň netijeli ösmegine, binagärlik we şäher gurluşyk innowasiýalaryny durmuşa geçirmegine gönükdirilendigini belläp geçdi. Türkmen diplomaty öz gezeginde, iki dostlukly döwletiň paýtagtlarynyň şäher häkimleriniň arasynda güýçli, uzak möhletli we doganlyk gatnaşyklaryny gurmakda köpri bolup hyzmat etmek üçin elinden gelenini etjekdigini aýtdy.

Ýerewan şäher häkimi A.Marutýan hem öz gezeginde ýokarda agzalan ylalaşykda beýan edilen ugurlar boýunça dürli taslamalary durmuşa geçirmekde ilçihananyň başlangyçlaryny doly goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi M.Aýazow häkim A.Marutýany ilçihananyň ermeni diline terjime eden «Türkmenistan» atly kitaby sowgat etdi.