GELJEKKI TÜRKMEN DIPLOMATLARY, DAŞARY SYÝASY MESELELERI TÄZE ÝOLLAR BILEN ÇÖZMEKLIGI ÖZLEŞDIRÝÄRLER

photo

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň (HGI) diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezinde goşmaça kurslaryň nobatdaky möwsümi çarşenbe güninde başlandy.

Iki ýyl mundan ozal HGI-da açylan bu merkez ýurduň daşary syýasatynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça ýöriteleşdirilendir. Onuň wezipesi bu ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak, hünärmenleriň hünärlerini ýokarlandyrmak, bilim, usulyýet we gözleg işlerini geçirmek şeýle hem, degişli teklipleri işläp taýýarlamak üçin maksatly sapaklary guramak bolup durýar.

Bu merkezdäki gurnalan talyplar üçin kurslar ýörite we goşmaça görnüşinde amala aşyrylýar. Şeýle hem bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak ýola goýuldy.

Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, BMG derejesinde energetika, ulag we suw baýlyklary bilen özara gatnaşylarynda giňişleýin halkara hukuk binýadyny döretmekde işjeň orny eýelemäge ukyply Türkmenistanyň manyly täze we işjeň diplomatiýasynyň döremegi merkeziň işiniň esasyny düzýär.

Institutyň bilim böleginde leksiýalaryň we amaly sapaklaryň, makalalaryň, çykyşlaryň, prezentasiýalaryň, elektron maglumatlaryň we energetika, ulag we suw diplomatiýasy baradaky wideo materiallaryň ýazgylary ýerleşdirilen okuw merkeziniň ýörite elektron bölümi döredildi.