ÝB-MA-OWGANYSTAN FORMATYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Nobatdaky duşuşyga Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýis Nab, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Syzdykow, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – A.Madmarow, Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Huseýnzoda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – W.Hajiýew, Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – Ş.Asadow gatnaşdylar.

 Duşuşygyň barşynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depgini, howpsuzlyk ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» Mejlisiniň ministrler derejesindäki nobatdaky tapgyryna hem-de ÝB-MA formatyndaky Ýaşyl ykdysadyýet boýunça Birinji Foruma görülýän taýýarlyklaryň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umumy ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi maksady bilen geljekki köpugurly özara hereketleriň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew taraplaryň özara gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň ählisi boýunça ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan bilen özarabähbitli gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdi.

Bu ugurda W.Hajiýew Ýewropa Bileleşiginiň «BOMKA», «KADAP» maksatnamalarynyň, şeýle-de ÝB - Merkezi Aziýanyň kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin platformasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň derwaýyslygyny belläp geçdi.

Türkmen tarapy durnukly ösüş, howpsuzlyk we ykdysady öňegidişlik ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berdi.

Bu babatda Owganystanda asuda raýat jemgyýetiniň gurulmagyny, şol sanda ýurduň parahatçylykly ösüş ulgamyna sazlaşykly integrirlenmegini gazanmak maksady bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. Türkmenistanyň goňşy döwletdäki ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy ugrundaky tagallarynyň oňyn tejribesi, şeýle-de türkmen döwletiniň owganara gepleşikleriniň geçirilmegi üçin syýasy giňişligiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyjy aýratyn bellenildi. 

ÝB-niň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid Ýewropa Bileleşiginiň BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini goldaýandygyny we ileri tutýandygyny, şol sanda geljekde hem Merkeziň alyp barýan işlerine ýakyndan ýardam etmäge meýillidigini aýratyn nygtady.

Onlaýn-forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar şeýle-de pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmekde umumy tagallaryň utgaşdyrylmagynyň, ýüze çykýan täze şertlerde ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmeginiň, şol bir wagtda Merkezi Aziýa sebitinde ýaşyl ykdysadyýete geçmegiň barşynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň aýratynlyklary ýaly derwaýys meselelere jikme-jik seredip geçdiler.