DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün wideoaragatnaşyk görnüşinde medeniýet ministrliginiň wekilleri Ispaniýanyň Senagat, söwda we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň wekilleri syýahatçylyk pudagyny täzeden dikeltmäge bagyşlanylan Halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylarmilli ykdysadyýetleri dikeltmek hem-de dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin dünýä derejesindäki syýahatçylygyň eýeleýän ägirt uly ornuny nazara alyp,pandemiýadan soňky döwürde bu ulgamy ösdürmegiň zerurdygynahalkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen öňde boljak forumyň örän möhüm ähmiýetini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde, şeýle hem haklymyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň hem-de mähriban Diýarymyzyň ajaýyp tebigatynyňbolmagy bilen, milli syýahatçylyk pudagy soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe boldy.

Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyndaky meseleleri düzgünleşdirýän hukuknamalarynyň kabul edilmegi, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda kaşaň myhmanhanalaryň gurulmagy Watanymyzyň dünýäniň syýahatçylyk bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandymagyň kuwwatly şertine öwrüldi.

Döwrebap bazar gatnaşyklarynyň döredilmegi, sanly ulgamyň we netijeli guramaçylyk çözgütleriň ornaşdyrylmagy, maýa goýumlaryň çekilmegi, şeýle hem bu ulgamda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi syýahatçylygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Taraplar syýahatçylygyň örän uly durmuş, medeni we ykdysady ähmiýetini belläp, koronawirus pandemiýasy tamamlanandan hem-de döwletara serhetleri açylandan soň ýokary girdejili bu ugry wagyz etmek, täzeden dikeltmek we mundan beýläk-de depginli ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

 

***

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri esasy ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar boldy.

Çykyş edenler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ikitaraplaýyn maksat edinilýändigini tassyklap, iki dostlukly goňşy ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň derejesinde hyznatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň türkmen-özbek gatnaşykalrynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda syýasy we medeni ulgamlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şeýle hem toplanan tejribeleri, nazary bilimleri hem-de Parlanemtara gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, olara iş ýüzünde amal edilemgini alyşmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Hut şu ugurlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde örän uly üns berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, şeýle hem halkara abraýly guramalaryň we düzümleriň derejesinde ýola goýlan oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny nygtadylar.