DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde milli maliýe ulgamyny ösdürmek boýunça özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini alamatlandyrýar.

Bütindünýä bankynyň maliýeleşdirmek boýunça maksatnamasynyň çäklerinde uzakmöhletleýin ýeňillikli karz serişdeleri gönükdirilýän taslamalar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhüm şertidir.

 

***

Şu gün ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly HHR-iň Henan welaýatynyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ulag hem-de logistika, söwda we oba hojalygy pudaklarynda Hytaý Halk Respublikasynyň bu welaýaty bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Türkmenýüpek” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.

Türkmen-hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda döwrebap logistika ulgamyň döredilmegi hem ýardam edýär. Ol tutuş Ýewraziýa yklymynda döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegine gönükdirilendir.

Pikir alyşmalaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň ýol kartasyny düzmek üçin umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, teleduşuşyklaryň netijeli boljakdygy bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirip, munuň üçin ähli zerur şertleriň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygyny nygtadylar.