OBA HOJALYK ÖNÜMLERINI ÖNDÜRIJILERIŇ EKSPORT MÜMKINÇILIGI ARTÝAR

Balkanabat şäherinden telekeçi Halmämmet Amanmämmedow öz ýyladyşhana hojalygyndan 64 tonna pomidor ýygdy. Ýokary hilli önümiň 50 tonnasy Russiýa Federasiýasyna eksport edildi.

Bu Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasynyň ýapyk toprakdan alan ilkinji hasylydyr we önümi daşary ýurda ilkinji gezek ugradyşydyr.

Şu ýylyň oktýabrynda balkanly telekeçi Uly Balkanyň dag eteginde ýylboýy islendik oba hojalyk ekinini ýetişdirip bolýan iň täze köpugurly ýyladyşhanany işe girizdi. Häzirki wagtda ol dört gektardan gowrak meýdanda pomidoryň ýokary hasylly görnüşini ekdi, bu hem telekeçä bol hasyl almaga mümkinçilik berer.

Balkan welaýatynyň telekeçileri kem-kemden öz eksport mümkinçiligini güýçlendirýärler. Şu ýyl bary-ýogy üç hojalyk gök önümleri daşary ýurtlara iberen bolsa, indiki ýyl olaryň sany has-da artar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatlaryna görä, welaýatda ýyladyşhana hojalyklarynyň ýene 13-si gurlar. Telekeçi Amanmämmedowyň Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky daýhan hojalygynyň üç müň gektardan gowrak ekin meýdany bolup, onda indi birnäçe ýyl bäri gowaça we galla ýetişdirilýär. Şu ýyl H. Amanmämmedow 700 gektar ýerden pagtanyň bol hasylyny ýygnady we müň gektar ýere güýzlük galla ekdi.

Halmämmet Amanmämmedow ýurtda tejribeli daýhanlaryň biri. Balkanabatda ýyladyşhana hojalygynyň golaýynda ol birnäçe gektar meýdana miweli daragtlary ekdi. Golaýda özüne bölünip berlen ýene 12 gektar meýdana üzüm we miweli baglary ekmegi niýet edinýär. Ýerli toprak-howa şertleri we toplan baý tejribesi telekeçä diňe bir ýerli bazary önüm bilen üpjün etmäge däl, eýsem önümleriniň daşary ýurtlara eksportyny-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.