ULY ÄHMIÝETLI EKIN
Türkmenistanyň demirgazygynda ekilýän oba hojalyk ekinleriniň arasynda arpa möhüm orun tutýar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda arpa ekmek üçin bir müň gektar ýer bölünip berildi. Onuň dörtden bir bölegi S. Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýär, şeýle hem ony iri ýetişdiriji sebitler bolan Könürgenç we Akdepe etraplarynyň ekarançylary-da arpa ýetişdirmekde ýeterlik tejribe topladylar.
Kösükliler maşgalasyna degişli arpanyň düzüminde ýokumy we peti köplügi üçin ol mallar üçin gymmatly iýmdir. Arpa aýratynam atçylykda gereklidir. Bu ekiniň azyk we kä halatda tehniki maksatlar üçinem ulanylýandygyny bellemek gerek.Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ençeme ýyl bäri arpa ýetişdirilmegi onuň amatly döwürde ýetişýänligi, idegi az talap edýänligi, ýerli howa-klimat şertlerine uýgunlaşanlygy, kesellere durnuklylygy we ýokary hasyllylygy bilen düşündirilýär. Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda arpanyň ýerli we daşary ýurtlardan getirilen birnäçe sorty ýetişdirilýär. Bu ýerde şor ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrýandygy üçinem onuň gadyry aýrydyr. Ekarançylar arpany käte örtüji ekin hökmünde ulanýarlar, onuň bilen garylyp käbir otluk ekinler hem ekilýär.
Onuň ençeme ýyl bäri bu ýerde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan ylmy taýdan öwrenilmegi-de sebitde bu ekine nähili ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.