TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TEATR SUNGATLARYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Ýerewan döwlet gurjak teatrynyň (театр марионеток) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn duşuşygy geçirildi. Wideo duşuşygy Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Aktýor ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň müdiri Aýmämmet Işangulyýew açyp berdi we gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň gurjak teatrynyň işleri barada gysgaça gürrüň berdi.

Ermeni tarapdan, Gurjak teatryň müdiri Ruben Abrahamyan teatr boýunça gyzykly wirtual gezelenjini gurnady we türkmen kärdeşlerine teatryň ähli ýerlerini görkezdi, hatda teatr uly köçäniň ugrunda ýerleşýändigini görkezip, pandemiýa bilen bagly şertlerde sahnalar köçede gurnalýandygyny aýdyp geçdi.

Ruben Abrahamyan 1987-nji ýyldan bäri gurjak teatrynyň döremeginiň taryhyny gürrüň berdi. Sahnalar goýulanda nähili uzak we agyr işleri başdan geçirýändiklerini aýdyp berdi. Şeýle hem, türkmen kärdeşlerine teatryň repertuary bilen tanyşdyrdy, bu ýerde çagalar we şol sanda ulular üçin çykyşlary, meşhur dünýä ýazyjylaryna esaslanýan halk ertekileriň oýunlaryny görkezýärler . Režissýor, şeýle hem, gurjaklaryň esaslanýan dizaýnlarynyň gurluşyny açyp görkezdi. Tomaşaçylar sahnalary tomaşa etmekleri üçin nähili köp işleriň edilýändiklerini göz öňüne-de getirip bilmeýärler.

Türkmen kärdeşleri hem öz gezeginde 2014-nji ýylda Ermenistanda saparda bolanlarynda Oganes Tumanyan adyndaky Ýerewan döwlet gurjak teatrynda çykyş edendiklerini aýtdy. Gurjak teatry (театр марионеток) hakynda gyzykly gürrüňleri diňlänlerinden soňra, olar teatr sungatynyň bu ugruna höwes bildirýändiklerini bildirdiler. Bu tanyşlyk duşuşygynda gurjakçylaryň döreýişiniň käbir jikme-jikliklerini, gurjaklaryň döredilşini, oýunlaryň sahnalaşdyrylmagyny we umuman gurjak teatrynyň emele gelşi barada diňlemek olar üçin gaty gyzykly bolandyklaryny bellediler.

Teleköpri arkaly wideo duşuşygyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine we Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasyna şeýle maglumatly wideo aragatnaşyk arkaly duşugy gurnamakda ýardam berendikleri üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler we biri-birini sapar bilen gelmeklerini we birek-birekden tejribe alyşmaklaryny arzuw etdiler. Netijede, türkmen we ermeni gurjakçylary “gurjak dünýäsini tomaşaçylara hödürlemek üçin gurjaklary gaty gowy görmeli” diýen pikiri bilen gabat geldiler.