IKI DOSTLUKLY DÖWLETIŇ OBA HOJALYK UNIWERSITETLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK DOWAM EDÝÄR

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasynda bilim, ylym, medeniýet, sport we innowasiýalar babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde, iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlardan okuw sapaklaryny geçirmek we bilelikde netijeli ylmy-barlag işlerini alyp barmak işleri yzygiderli amala aşyrylýar.

Ýnha, şu gün hem, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň Ekerançylyk kafedrasynyň uly mugallymy Babanyýazow Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň talyplary we ýaş mugallymlary bilen Ermenistan Respublikasynda we ýurdumyzda wajyp ugurlaryň biri hasaplanýan «Türkmenistanda daşlaşan gibridleşdirmekde ýetilen sepgitler we meýdan şertlerinde gök-bakja ekinlerini öndürmegiň ösüş ýollary» atly tema boýunça wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagyny geçirdi. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tejribeli mugallymy Çarygeldi Babanyýazow Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gyzyklanýan soraglaryna ussatlyk bilen ylmy taýdan esaslandyrylan jogaplaryny berdi.

Leksiýanyň ahyrynda iki tarapyň uniwersitetleriniň mugallymlary wideo sapagy gurnamakda ýardam berenlere öz minnetdarlyklaryny bildirdiler we şular ýaly çäreler talyplaryň we mugallymlaryň hünär ukyplaryny we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendigini beýan etdiler.