TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz duýgudaşlyk sözleri üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, bu goldawlara ýokary baha berýändigini hem-de Gazagystanyň halkynyň we onuň Lideriniň şu kyn günlerde çuňňur hasraty paýlaşýandygyna hormat goýýandygyny nygtady.

Biziň ýurdumyz Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine, rowaçlyga we durnukly ösüşe bolan ymtylmalara esaslanýar.

Söhbetdeşler giň gerimli ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, bu gün iki döwletiň hem özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, ulag, aragatnaşyk babatda, senagatyň dürli pudaklarynda, şol sanda azyk, himiýa, ýeňil we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýetiniň gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berjekdigi barada bir pikiri beýan etdiler.

Ylym we bilim ulgamynda soňky ýyllarda ýola goýlan ýakyn hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine mundan beýläk-de uly üns berler, munuň şeýle bolmagyna köp babatda goňşy ýurtlaryň halklarynyň taryhy umumylygy, medeni we ruhy däpleriniň ýakynlygy ýardam berýär.

Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Liderleri döwletara gatnaşyklara täze itergi we many-mazmun bermäge umumy maksatlaryny tassyklap, däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mizemezdigine hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz duýgudaşlyk sözleri üçin gazak kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri, dostlukly ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.