AŞGABAT KINOFILMLERDE: TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ 140 ÝYLLYGYNA FILMLERIŇ HEPDELIGI

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşiginiň işgärleri Aşgabadyň ýubileýine özboluşly sowgat taýýarladylar. Olar paýtagtymyzyň keşbi görkezilýän ozalky ýyllaryň we häzirki döwrüň filmlerini saýladyrlar.

Baýramyň öň ýanynda tomaşaçylara haýalan kinofilmleri görkeziler. Görkezilişe 1958-nji ýyldan biziň günlerimize çenli Aşgabadyň keşbini görkezýän 11 film saýlanyldy.

Olardan iň irkisi režisýorlar Hangeldi Agahanow bilen Pawel Syrowyň «Ilkinji synag» filmidir. Filmde nakgaşlygy arzuwlaýan mekdep okuwçysy Orazyň gabat gelenn ikiýüzlülik, biperwaýlyk, birehimlik ýaly kynçylyklary ýeňip, durmuşda özüne ýol arçaýşy, hoşamaý mugallymynyň goldawy bilen maksadyna ýetişi barada gürrüň berilýär.

Çäräniň guramaçylarynyň bu filmi saýlamagy ýöne ýerden däldir. Indi biz zehinli kinooperator, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, öz kinolentlarynda, şol sanda «Ilkinji synag» filminde köne Aşgabadyň keşbini bize miras goýan Anatoliý Karpuhini minnetdarlyk bieln ýatlaýarys. Şu filme gaýtadan tomaşa eden uly nesliň wekilleri operatoryň geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyrynda düşüren öýlerini, binanlaryny we köçelerini ýatlarlar.

Režisýor Setdar Garajaýewiň «Ýuwaş gelin» filmine tomaşa edenlerem paýtagtymyzyň üýtgeşik ýerlerini täzeden görüp bilerler. Indi wagtynda saýry saýylan Gaz-24 «Wolga» maşyny seýrek duşýar, bu filmde bolsa gelnalyjy şol kysymly ulaglardan düzülen.

Filmiň ýordumynda tomaşaçylara zehinli kinooperator we režisýor Usman Saparowyň düşüren şol döwürdäki gök baga bürelen hem oňaýly Aşgabadyň keşbini ençeme gezek görkezilýär.

Kino muşdaklary režisýor Wepa Işangulyýewiň at üstünde milli at oýunlary topary barada gürrüň berýän «Galkynyş» filmine-de höwes bilen tomaşa ederler. Tomaşaçylar operator Remezan Hekimowyň düşüren özgeren Aşgabadyň keşbine syn ederler.

«Aşgabat» kinoteatrynda maýyň 10-dan 16-sy aralygynda geçiljek Filmleriň hepdeliginde filmleri döredijiler bilen ýatdan çykmajak duşuşyklar hem guralar.