MARYNYŇ “ÝEŇIŞ” TIKIN FABRIGI ÖNÜMLERINIŇ ÜÇDEN BIRINI TÄZELEDI

Ýurduň erkek we çaga köýnegini öndürýän iň uly kärhanasynyň taýýarlaýan önümleriniň görnüşleriniň hataryna, tomus möwsümine gabatlap, ýene 30 sany täze biçüwdäki ýeňil köýnekler goşuldy. Maryly tikinçileriň ýaşlara we çagalara niýtelenen geýimleriniň görnüşi we  biçüwi tutuşlaýyn diýen ýaly üýtgedildi. Ilat arasynda uly talap bildirilýän “Ýeňiş” firma belgili köýnekleriniň bezeginiň üstüni özboluşly urundylar we bejergiler, ýakalaryň üýtgeşik nusgalary, urna jübilerdir olaryň gapajyklary bezedi. Fabrigiň satuwa çykarýan  önümleri tutuş pudakda öňdeligi saklap gelýärler. Ýylyň diňe birinji çärýeginde maryly tikinçiler 2 million manatdan-da artyk harytlyk önümleri ýerlediler.      

Bu fabrigi reňk dürlüligine baý bolan otuza golaý mata bilen üpjün edýän Aşgabadyň “Ruhabat” dokma kombinaty bilen hyzmatdaşlyk olaryň daşary ýurtdan getirilmeginden doly ýüz öwürmäge mümkinçilik berdi. Fabrigiň önümleriniň iki görnüşi ýurduň paýtagtynda ýerleşýän alty sany firma dükanynda ýerlenýär. Önümiň satyş geografiýasyny ýurduň ähli sebitini öz içine alar ýaly giňeltmäge bu ýerde işlenip düzülen onlaýn-satuw usuly uly kömek edýär.