LEBAPDA TÄZE HOWA MENZILIŇ GURLUŞYGY TAMAMLANÝAR

«Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Şäheriň demirýol menzilinden we Türkmenabat – Kerki awtomobil ýolundan uzak bolmadyk aralykda telekeçileriň işläp düzen taslamasy boýunça sagatda 100 ýolagçyny üstünden geçirmek ukyby bolan terminalyň binasy gurlup, «Türkmenhowaýollary» Agentliginde ulanylýan uçarlaryň ähli kysymyny kabul edip biljek 2,7 kilometrlik uçuş-gonuş zolagy çekilipdir.

Kerki şäheriniň howa menzili Türkmenistanda ilkinjileriň biridir. 75 ýyl mundan öň, şäherde howa menzili döretmek barada buýruga gol çekilende, uçarlar Samsonow şäherçesiniň ýanynda Amyderýanyň kenaryndaky boş meýdança gonup, şondanam uçýardylar. Kadaly uçuşlar 1946-njy ýylyň mart aýynda başlady. Ýolagçylar hepdede bir gün Po-2 uçarynda derýa kenaryndaky şäherden Mary welaýatyna we Aşgabada getirilýärdiler. Uçarlar, dikuçar köp ýyllaryň dowamynda demir-beton uçuş-gonuş zolagy gurulýança, Gowurdaga, Çärjewe, Garamätnyýaza, Zähmete we beýleki ilatly nokatlara boş meýdançadan uçdular.

Täze howa menziliň ýolagçy terminaly ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilişi Kerki şäheriniň tutuş gonalga toplumy ýaly, iň ýokary dünýä standartlaryna laýyk bolar. Bu ýerde 120 adamlyk garaşylýan zaly, iki sany petek kassasy, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin otaglar, halkara aragatnaşyk nokady, goş saklanylýan bölüm, poçta, ýakymly kafeteriler, rahatlykly «СIP» zal, eneler we çagalar otagy, 30 ýerli naharhana ýolagçylaryň hyzmatynda bolar.

Şäheriň uçar meýdançasy (aeroport) toplumynyň ösen gonalga hojalygy bolar. Onuň täze uçuş-gonuş zolagy IKAO Halkara guramasynyň birinji derejesi boýunça uçuşlary üpjün edýän ýerüsti serişdeler – ýewropaly şereketleriň uçarlary gije-gündiziň dowamynda uçurmaga we kabul etmäge mümkinçilik berjek yşykly signaly, meteoroliýa, aeronawigasiýa we radiotehnika abzallary bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Lebap welaýatynda gonalga toplumynyň gurluşygy ýurduň uly geljegi bolan sebitleriniň biriniň depginli ösüşi bilen jebis baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, merkezden uzakdaky bu baý ülkäniň ilatyna hyzmat edilişini esli gowulaşdyrmaga, onuň jahankeşdelik mümkinçiligini berkitmge, şolbir wagtyň özünde-de ýurdumyzyň raýatlyk uçarlarynyň mümkinçiligini hem halkara, hem ýurt içinde ýolagçy daşamakda giňeltmäge mümkinçilik berjek ulag merkezi dörediler.

Gonalgada ýardamçy ýollar we uçardyr awtomobilleriň durjak ýerleri taýýar edilipdir, ýörite ýerüsti tehnikany ýerleşdirmek üçin jaý, ýyladyşhana, transformator otagy, tehiki baza we beýleki desgalar gurlupdyr. Uçar meýdanynyň çäkleri abadanlaşdyrylýar, agaç ekilýär we ösümlik diwary çekilýär.

Senagatçylar we telekeçiler birliginiň agzasy, uçar meýdanyny gurmaga hukuk gazanmak ugrundaky bäsleşikde ýeňiji bolan «Gündogdy» hususy kärhanasynyň raýatlyk uçarçylygynyň şunuň ýaly infrastruktura desgalaryny ulanylyşa girizmekde saldamly tejribesi bar. Bu hususy gurluşyk şereketi Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda Halkara uçar meýdany toplumynyň açaryny towlaýmaly gurluşygyny üstünlikli tamamlady. Balkanabat kitaphanasy, Serdar şäherindäki 3000 orunlyk stadion, Awazadaky 200 öýlük ýaşaýyş jaýlar toplumy, Türkmenbaşy şäherindäki ýadygärlikler we ýene birgiden möhüm jemgyýetçilik desgasy-da bu şereketiň zähmetiniň netijesidir.

Täze uçar meýdany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan « Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» çäginde ýurdumyzda guruljak dördünji infrastruktura desgasy bolar. Bu maksatnama laýyklykda, paýtagtymyzda we sebitlerinde birnäçe täze uçar duralgasy guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär.

Kerkiniň täze howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy sebitiň mundan beýläk-de depginli ösmegine, hemmetarapaplaýyn peýdaly söwda-ykdysady we netijeli ynsanperwer gatnaşyklary we jahankeşdeligi işjeňleşdirmäge ýardam eder.