POHLÝOBKIN TÜRKMEN ÇALY BARADA

Bedeniň mikroelement gorlaryny ýitirýän tomus aýlarynda suw deňligini dikeltmäge türkmenleriň söýgüli içgileriniň biri bolan düýe çaly gaty gowy kömek edýär.

Bu içginiň birnäçe keselleriň öňüni almakdaky peýdasy we halk lukmançylygynda giňden ulanylmak mümkinçiligini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem öwran-öwran nygtaýar.

Meselem, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasynda milli Liderimiz we şypahanalary öwreniş meselelerine bagyşlanan «Türkmenistan – melhemler mekany» atly kitabyň ýazary düýe çalynyň peýdaly häsiýetleri bilen immuna ulgamyny has işjeňleşdirýän we adamyň gorag ulgamyny hem saglygyny berkidýän içgi hökmünde gadymdan meşhurdygyny belledi.

Bu içgi umuman bedenimize oňyn täsir edýän mikroelementleriň we witaminleriň köp mukdaryny özünde jemleýär. Mysal üçin, kalsiý süňk dokumalaryny, saçy, dyrnagy we dişi berkitmek, magniý bolsa ýüregiň işini gowulandyrmak üçin zerur. Içginiň düzüminde bar bolan demir ganyň düzümine oňyn täsir edýär, mis gormonlaryň işlenip çykarylmasyna ýardam edýär, sink bolsa immuniteti bekidýär we nerw ulgamlary üçin zerurdyr.

Çala «Halklarymyzyň milli tagamlary» kitabynyň bir parçasy bagyşlanandyr. Bu kitabyň ýazary dünýä halklarynyň tagamlarynyň iň iri bilermenleriniň biri Wilýam Pohlýobkindir.

Çal tutmagyň birnäçe usuly bar: gor diýilýän ýörite gönezligi taýýarlamak çylşyrymly we köp wagt talap edýän iş, şol sebäpden köplenç ýagdaýda täze çaly öňki günüň çalyny gönezlik hökmünde ulanmak arkaly alýarlar. Eger geçen günüň çaly bolmasa, onda gönezlik hökmünde gatyk, şol sanda sygyr we geçi süýdünden gatyk-da ulanylýar. Ýöne bu ýagdaýda birinji gezek çalyň hili pesräk bolýar we diňe üç-dört gezek basyrylandan soň, ol hakyky çalyň ähli häsiýetine eýe bolup «deňleşýär».

Çal – ajaýyp bejeriş, öňüni alyş serişdesidir. Sklerozly, süýji keselli, awitaminozly, guragyryly we ötüşen gastritli adamlara düýe çalyny içmek maslahat berilýär.

Çaly yzygiderli ulanmak iýmit siňdiriş organlarynyň işini gowulaşdyrýar we umumy ýagdaýyň gowulaşmagyna ýardam edýär. Esasy şert – çaly uzak wagt ulanmakdyr, şonda organizmiň kesellere garşylygy güýçlenýär. Şonuň üçin-de köp çal içýän ýaşy uly adamlar hem has gujurly we şähdaçyk görünýärler.