GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ GAZ GEÇIRIJI ULGAMYNYŇ ÖSÜŞI

photo

1991-nji ýylda garaşsyzlyk alandan soň, ýaş türkmen döwleti taryhy tejribä, milli mirasa we bar bolan çeşmelere daýanýan milli ösüş modelini saýlamak meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ykdysady garaşsyzlygy pugtalandyrmak üçin, ýurduň esasy tebigy baýlyklaryndan biri bolan tebigy gazyň ägirt uly ätiýaçlyklaryndan pul gazanmagyň ýollaryny kesgitlemek möhümdi. Merkezi Aziýa – Merkez turbageçiriji ulgamy köp ýyllaryň dowamynda türkmen gazyny Russiýa we Ýewropa ibermegiň ýeke-täk ýoly bolupdy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Türkmenistan energiýa gorlaryny halkara gaz bazarlaryna dürli ýollar bilen ibermek üçin, öz köpugurly turbageçiriji ulgamyny döretmäge çalyşdy.

Bu ugurda ilkinji ädim Eýrana gidýän iki sany gaz geçirijiniň işe girizilmegi bilen ädildi. 1997-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Günbatarynda ýerleşýän Korpeje diýlen ýerden Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Gurtguýa ýylda 8 milliard kub metr kuwwaty bolan 200 kilometrlik turbageçirijiniň gurluşygy tamamlandy. Döwletabat – Sarahs – Hangeran gaz geçirijisi Türkmenistandan Eýrana gidýän ikinji gaz “damary” boldy. Onuň gurluşygy 2009-njy ýylyň iýul aýynda başlanypdy. Gaz geçirijini çekmek we onuň bilen baglanyşykly ähli işler “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marynebitgazgurluşyk” trestiniň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Gazgeçirijiniň Türkmenistanyň çägindäki uzynlygy 30,5 km, taslama kuwwaty 12 milliard kub metrdir. Täze gaz şahasy Türkmenistanyň Eýrana iberýän gazynyň möçberini 14 mlrd. kubmetre çenli artdyrmaga, geljekde bolsa ýylda 20 mlrd. kub metre ýetirmäge mümkinçilik berýärdi.

Özbegistanyň we Gazagystanyň üstaşyry geçýän Türkmenistan – Hytaý (Merkezi Aziýa – Hytaý) esasy gaz geçirijisi türkmen “mawy ýangyjynyň” eksport ugurlaryny dürlüleşdirmekde hakyky öňe gidişlik boldy. Bagtyýarlyk ýatagynyň gazyny daşaýan bu turba ýoly 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda onuň başlanýan ýeri bolan Samandepede geçirilen dabarada ulanylmaga berildi.

Umumy uzynlygy 1833 kilometr bolan Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi esasy gaz ýolunyň ýylda 65 milliard kub metr geçiriş mümkinçiligini üpjün eder. Gaz geçirijisi Türkmenistany dünýädäki iň uly we iň çalt ösýän bazarlaryň birini turba arkaly gaz bilen üpjün edýän ýurda öwürdi.

Dünýä bazarlaryny tebigy gaz bilen üpjün edijileriň arasynda öz ornuny berkitmek maksady bilen, Türkmenistan 2015-nji ýylda ýene bir mega-taslama – Transowgan gaz turbageçirijisiniň gurluşygyna girişdi. Bu gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1735 km bolar. Bu geçiriji ululygy boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýän türkmen gaz ýatagy Galkynyşdan başlap, Owganystanyň Hyrat we Gandagar şäherlerinden geçer we iň soňky nokadyna – Pakistanyň Hindistan bilen serhedindäki Fazilka şäherçesine baryp ýeter.

Taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr bolan Türkmenistan –Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) esasy gaz geçirijisiniň gurluşygy diňe bir sebit däl, eýsem bütin dünýä boýunça ähmiýete eýedir. Taslama Aziýada halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýagdaýy çylşyrymly bolan sebitde energiýa howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy berkitmek, Owganystandaky parahatlyk işini ilerletmek üçin täze geljegi döretmäge niýetlenendir. Gazgeçiriji baradaky çarçuwaly şertnama we TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky hökümetara ylalaşyga 2010-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen taslama gatnaşýan döwlet baştutanlarynyň sammitiniň netijesinde gol çekildi.

Türkmenistanyň diňe bir demirgazyk, gündogar we günorta ugurlary boýunça däl, eýsem günbatar tarapa-da tebigy gaz eksporty üçin ýeterlik gory bar. Gaffney, Cline we Associates Ltd. Iňlis şereketiniň halkara auditiniň maglumatlary Türkmenistanyň meýilleşdirilýän Trans-Hazar gaz geçirijisi arkaly 30 ýylyň dowamynda ýylda 30 milliard kub metr “mawy ýangyç” bilen ÝB-ni üpjün etmek meýilnamalarynyň mümkindigini tassyklaýar.

Gaz importyny dürlüleşdirmäge çalyşýan Ýewropa Bileleşigi, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine we Türkmenistanyň Hazar sebitinden “mawy ýangyjy” Ýewropa eltýän Günorta gaz dälizine birikdirilmegine birnäçe gezek gyzyklanma bildirdi. Ýewropany türkmen gazy bilen üpjün etmek üçin zerur şertler uzynlygy 773 km, geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metr bolan Gündogar – Günbatar içerki gaz geçirijisiniň gurulmagy bilen döredildi. Gaz geçirijisi 2015-nji ýylyň ahyrynda işe girizildi. Onuň işe girizilmegi bilen, ýurduň birleşen gaz geçiriji ulgamy (BGU) döredildi.

Soňky ýyllarda Hazar deňziniň türkmen we azerbaýjan kenarlarynyň arasynda uzynlygy 300 km bolan Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin daşarky şertler-de has amatly boldy. Bäş sany hazarýaka ýurt tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň kanuny statusy baradaky Konwensiýa gol çekilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Dostluk deňiz ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we ösdürmek boýunça Aşgabatda Türkmenistan we Azerbaýjan hökümetleriniň arasynda Özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilende, bu taslamanyň öňündäki ýene bir päsgelçilik ýeňlip geçildi. Bu resminama Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan eýýäm tassyklandy.