«TÜRKMEN ÝYLDYZY» HK ENERGIÝA KIÇI BEKETLERE HYZMAT EDÝÄR WE SIM ÇYKARMAGY ÖZLEŞDIRDI
Lebap welaýatynda ýerleşýän elektrik energetikasy desgalaryny gurmaga, olara tehniki hyzmat etmäge we abatlamaga ýörüteleşen «Türkmen Ýyldyzy» hususy kärhanasy Lebapda gurulýan elektrik bekediniň 110/220 кВ açyk bölüji enjamyny sazlamagy hem-de elektrotehniki önümleri çykarmak boýunça öz önümçilik binýadynyň gurluşygyny tamamlady.
Çärjew etrabynda ýerleşýän kärhanada ýokary tehnologiýaly enjam oturdyldy we izolirlenen hem-de izolirlenmedik alýumin kabellerdir simleri çykarýan seh işe girizildi. Elektrotehniki zawodyň önümleri elektrikgeçirijileriň gurluşygynda, önümçilik we jemgyýetçilik binalaryň elektrik bölümleri oturdylanda, transformator kiçi beketleri we beýlekiler abatlanylanda ulanylýar.
Döredilenine on ýyl bolan kärhana onlarça enjam, ýörite tehnika we mehanizm edindi. Häzirki wagtda onuň metal we demir-beton önümleri öndürýän, transformatorlary we beýlekileri abatlaýan sehleri bar. Bu ýerde ýörite tehnikalaryň kyrkdan gowragy, dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary bilen üpjün edilen iki laboratoriýasy bolup, onda hünärmenleriň iki ýüze golaýy zähmet çekýär.
Kärhana elektrikenergiýasy desgalarynyň taslamasyny taýýarlamakdan, ýokary woltly liniýalary gurmakdan, olary oturtmakdan, transformatorlary we elektrik enjamlaryny abatlamakdan, elektrik geçirijileriň metallgurnamalaryny we demir-beton sütünleri taýýarlamakdan tä kebşirlenen ýerleri, metallgurnamalarynyň könelenligini, metallaryň berkligini kesgitlemäge çenli energetika pudagynyň hyzmatlarynyň ençemesini özleşdirdi.
«Türkmen Ýyldyzy» HK-nyň hünärmenleri senagat desgalarynda iş alyp barýarlar, elektrik geçirijileri gurdylar, TNGZT-da oturdylan enjamlaryň elektrik bölegini sazladylar. Kärhananyň işgärleri Hytaýyň «CNPC» nebit-gaz kompaniýasynyň energetika enjamlaryna yzygiderli hyzmat edýärler, «Petronas» kompaniýasynyň nebit platformalarynyň enjamlaryny synagdan geçirýärler, beýleki desgalaryň onlarçasynda zähmet çekýärler.