MALDARÇYLYGYŇ HATYRASY ÜÇIN

Şu ýyl «Daşoguzörisuw» abatlaýyş we gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri Görogly etrabynyň “Garagum” maldarçylyk hojalygyndaky «Mazarly» we «Böwür deşik» öri meýdanlarynda ýerleşýän guýularyň durkuny täzelediler. Düýpli bejerişiň gidişinde guýularyň diwarlary berkidildi, mallaryň suw içýän nowalardyr howdanlar abatlandy, suw çeşmeleriniň hapalanmagynyň we çökmeginiň öňi alyndy. Bu işler on müňlerçe gektar öri meýdanyda ýerleşýän guýularyň suwlanmagyny doly dikeltmäge mümkinçilik berdi. Şu ýyl kärhananyň hünärmenleri S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çägindäki çarwa obalary bolan «Yslam» we «Gyzylja burun» ilatly nokatlaryndaky guýulary-da abatlap, doly güýjünde dolanşyga berdiler. Umuman alanyňda, eýýäm bu kärhana tarapyndan guýularyň ömrüni uzaltmaga we mallaryň suw üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän şunuň ýaly işleriň 149,000 manatlygy ýerine ýetirildi.

Şeýle hem, ýylyň ahyryna çenli hünärmenler ýurduň demirgazyk sebitiniň uzak öri meýdanlarynda iki sany täze guýy gazmagy we häzir bar bolan birnäçe guýularyň durkuny täzelemegi meýileşdirýärler.

Daşoguz welaýatynda suwy tygşytly ulanmak we ekologiýa kadalaryny berk berjaý etmekden ötri öri meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň dogry ýola goýulmagyna uly üns berilýär. Mal bakmak üçin uzak öri meýdanlaryny peýdalanýan maldarlar ýerasty suw baýlyklaryny hem öri meýdanlaryny has tygşytly ulanmagyň hasabyna dowardarçylykdan we düýedarçylykdan alynýan önümleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga çalyşýarlar. Şonuň üçin, soňky ýyllarda uzak öri meýdanlarynda ýerasty suw baýlygy bolan dürli çuňlukdaky onlarça täze guýy gazyldy, suwuň hili we ulanyşda bolan suw desgalarynyň ýagdaýy berk gözegçilikde aýawly saklanyp, zerur ýagdaýda suw bolçulygyny dikeltmek üçin, abatlaýyş işleri yzygiderli amala aşyrylýar.