ÝOKARY MÜMKINÇILIKLERDEN PEÝDALYNYLÝAR

photo

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demirgazygynda ýerli telekeçileriniň arasynda telekeçiligiň girdejili pudagy hökmünde guşçulyk bilen gyzyklanma ýokarlanýar. Bu gün sebitde guş etini we ýumurtga öndürýän birnäçe hususy hojalyk işläp, nobatdaky tapgyrlaryda gurulýar. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky «Pagtaçy» daýhan birleşiginde döwlet tarapyndan hususy eýeçilige berlen 4,8 gektar ýerde ilkinjileriň biri bolup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň düzümine girýän «Köp pudakly» hususy kärhananyň guşçulyk hojalygy döredildi. Bu hojalyk ýylda 30 tonna çenli guş etini öndürip, sarp edijilere hödürlemäge ukyplydyr. S.A. Nyýazow etrabynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bolan «Arassa başlangyç» we «Esasy gurluşyk» hususy kärhanalary tarapyndan öndürijilik kuwwaty dürli-dürli bolan ýene iki sany döwrebap hususy guşçylyk binalary gurulýar.

Guşçulyk pudagynyň güýçli depginde ösmegi telekeçilerden ygtybarly iým binýadyny döretmegi talap edýär, şu maksat bilen döwlet uzak möhletleýin ulanmaga degişli ýer bölüp berýär. Guşlary ýeterlik iýmitlendirmek ýokumlylygy taýdan ýokary hilli iým talap edýär. Bu ýerde iýmitlendirişiň çig maly bolan mekgejöweniň we beýleki gymmat düşýän ösümlikleriň ýerini tutjak has amatly, iň peýdaly utgaşmasyny agtarmak möhümdir.

Daşoguz welaýatynda ýokary hilli gallanyň adaty ätiýaçlyklaryndan biri-de jöwendir. Zyýankeş mör-möjeklere we kesellere garşy durnukly, guraklyga hem şorlaşan ýerlere çydamly bu ekiniň ýerasty çuňlukda ýerleşýän çygly gatlaklara aralaşmaga ukyply kuwwatly kök ulgamy bar. Jöwen çägesöw we toýunsow topraklarda boý almak bilen, ýokary hasyl berýär. Jöwen dänesi bilen iýmitlenýän guşlaryň ýumurtga öndürijiliginiň artýandygy tejribede bellidir. Krahmala baý bolan bu däne guş iýmiti hökmünde ulanylmakdan başga-da, adam iýmiti üçin hem ýaramlydyr, jöweniň baldagy bolsa oba hojalyk mallary üçin iýmit hökmünde ulanylýar.

Et we ýumurtga öndürýän towuklaryň iýmine ýene bir ýokumly goşant bolan, ýurdumyzyň demirgazyk topragynda, daýhanlar tarapyndan, gadym döwürlerden bäri hojalyk hajatlary üçin ösdürip ýetişdirýän dänesi — darydyr. Ösüş döwri gysga, bol hasylly we guraklyga bolan çydamlylygy ýokary dary dannawsyz ekindir. Dary esasy ekinleriň ýazky oragy bilen güýzki ekişiň aralygynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekini hökmünde peýdalanmaga degişlidir.

Ýöne geljekde soýa ekini hem sebitde guş iýmitiniň täze bir görnüşi bolar. Her halda, soýa ekini häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň oba ilatynyň arasynda barha gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, S. A. Nyýazow adyndaky etrapda ýaşaýan käbir daýhanlar hususy melleklerinde ýerli ekinler bilen gezekleşdirip, az mukdarda ekýärler. «Nowbahar» daýhan birleşiginden Raşid Ýuldaşewiň aýtmagyna görä, ýeterlik ideg etseň, guraklyga çydamly bu kösükli ekini demirgazyk sebitiň çylşyrymly howa şertlerinde-de ýetişdirip bolýar. Bilşiňiz ýaly, düzümi köp mukdarda ýokumly witaminlere baý bolmagy durmuşda soýany et we süýt önümleriniň arzan hem peýdaly oruntutary hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Beýleki kösükli ösümlikler bilen bir hatarda, ol ekin dolanyşygynda gymmatly ekin bolup, özünden öň galla ekinleri ösdürilip ýetişdirilen meýdanlarda ekilmäge degişlidir, mysal üçin güýzlük bugdaý, mekgejöwen, ýeralma, köp ýyllyk däneli otlardan soň oňat boý alýar. Soýanyň miwe getirişi, onuň görnüşine we howa şertlerine baglyly bolup, yzygiderli oktýabr aýyna çenli ýetişýär. Proteine baý bolansoň, ol guşçylyk pudagy üçin gymmatly iýmitdir. Onuň gaýtadan işlenýän önümi guşlaryň semremegine goşant goşýar. Beýleki ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, soýa gaýtadan işlenenden soň, galan galyndysy bolan soýa künjarasy guşlaryň ähli görnüşleri, şol sanda irki jüýjeleri, ýaş towuklary we bedeneleri iýmitlendirmek üçin ýaramlydyr. Ol haýwanlar üçin täze orlan görnüşinde-de, bede, silos ýa senaž görnüşinde-de peýdaly we ýokumlydyr.