TUTUŞ DÜNÝÄDE BUÝSANÇLY ÝAŇLANÝAN «GAUDEAMUS»

Her ýyl 10-njy noýabrdan 17-nji noýabr aralygynda parahatçylyk we dostluk babatda talyplar hepdeligi geçirilýär. Ol talyplar gününiň baýramy bilen jemlenýär. Adatça, şol günki çäreleriň ählisinde «Gaudeamus» talyplar aýdymy ýaňlanýar.

1946-njy ýylda Pragada geçrilen talyplaryň Bütindünýä gurultaýynda ony her ýyl bellemek karar edildi. Şondan bäri tutuş dünýäde, dogrusy, her ýurtda özboluşly bellenilýän baýram ýaşlaryň arasynda meşhurdyr.

Eziz Diýarymyzda we daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyz bu güni göreldeli okuwy, dürli maslahatlardyr seminarlara gatnaşmaklary, ylmy, jemgyýetçilik we medeni-sport ulgamlaryndaky üstünlikleri bilen garşy alýarlar.

Ýurdumyzyň talyplary daşary ýurtlarda diňe bir göreldeli okamak bilen çäklenmän, eýsem özüni göreldeli raýatlar, halkynyň mynasyp wekilleri hökmünde görkezmekleri guwandyrýar. Türkmen talyplarynyň watanperwerligi, edermenligi barada KHBS-lerinden okamak has-da ýakymly.

Türkmen ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny hem köpüsi özüni gowy tarapdan görekzýärler. Garaşsyz Türkemnistanda ilkinji Olimpiýa medalyna eýe bolan Polina Gurýewanyň üstünligi müňlerçe ýetginjegi sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrdy. Talyplaryň ýüzlerçesi halkara maslahatlarynda, olimpiadalarynda we beýleki bäsleşiklerde tapawutlanýarlar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň talypalry-da bar.

Instituytyň talyplarynyň baýraksyz, sylagsyz galýan bir çäresi-de ýok. Mysal üçin, halkara žurnaistika fakultetiniň üçünji ýyllyk talyby Tawus Akjaýewa golaýda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllgyna bagyşlanan makalasy bilen ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda saýlandy, onuň makalasy iň täsirli işleriň biri diýlip ykrar edildi.