TEJEN ŞÄHERINIŇ MUZEÝINDÄKI TÄSIN EKSPONATLAR

Tejeniň hemişe köp adamly Taryh we ülkäni öwreniş şäher muzeýi 1990-njy ýylda açyldy. Bu ýerde şu sebitiň ilatynyň medeniýetini we durmuşyny, şeýle hem tebigatyny görkezýän gadymy we özüne çekji artefaktlar kän. Olaryň aglaba bölegini bu özblouşly, taryhy baý topragyň dürli künjeginde ýaşaýanlardan muzeýe berlen sowgatlardyr.

Muzeýdäki täsin halylar gelýänleriӊ ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde goýlan haly önümleri dürli döwürlerde dokalandygyna garamazdan öz nepisligini saklap galypdyr. Olara syn edip, halkymyzyň taryhy-medeni ösüş ýoluny yzarlap bolýar.

Biz şeýle üýtgeşik halylaryň kimiň elinden çykandygy bilen gyzyklanyp, muzeýiň hasaba alyş kitabyna syn etdik. Onda bu ajap we nepis halylary kimiň we haçan dokandygy takyk ýazylypdyr. Halylarda şu sebite mahsus gadymy gölleriň ulanylandygyny bellemek gerek.

Ine, Amanşagapan obasyndan Ogulgurban Durdyýewanyň 19 asyryň ortasynda dokan boýy 1,20 metr, ini 90 sm teke halysy. EÝere ýapylýan 20 sm, ini 24 sm halyny XX asyryň başynda şol obadan Baýramsoltan Hümmedowa dokapdyr. Boýy 1 metr, ini 80 sm namazlyk 1945-1950-nji ýyllarda Tejen şäheriniň ýaşaýjysy Patma Çaryýewanyň zehininden we çeper ellerinden döräpdir.

Muzeýiň ylmy işgäri Kakajan Haldurdyýew:

– Geçen ýyl muzeýiň 30 ýyllygy bellenildi. Muzeýimize şeýle gysga döwürde gadymy eskponatlaryň ençemesi toplandy. Olaryň arasynda seýrek we özboluşly halylaryň öz ornuny tapanyna begenýäris.