LEBAP WELAÝATY: GAZÇYLARYŇ ÖSÜŞ DEPGINI BARHA ÝOKARLANÝAR

Şu ýylyň 11 aýynda «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary meýilnamada görkezilen 8 milliard 409 million 589 müň metr kub gaza derek 11 milliard 293,5 million metr kub «mawy ýangyç» çykarmaklygyň hötdesinden geldiler. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3 milliard 521,8 million metr kub gazyň artyk çykarylandygyny, ýagny, ösüş depgininiň 145 göterimden hem aşandygyny görkezýär.

«Mawy ýangyç» bilen bilelikde gaz kondensatyny öndürmekde hem ýokary ösüş gazanyldy. Ýylyň başyndan bäri tebigy gaz bilen alynýan bu ugurdaş önümiň 42 müň 566 tonnasy öndürildi. Bu bolsa 11 aý boýunça döwlet meýilnamasynyň 112,1 göterim amal edilendigini aňladýar.

Müdirlikde gaz kondensatyny ýerleşdirmek boýunça hem tutumly işler alnyp barylýar. Ýylyň başyndan bäri bu önümiň 79 müň 334 tonnasy içerki bazarlara ugradylyp, bu baradaky meýilnama 112,1 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Malaý» gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň açylyp ulanylmaga berilmegi tebigy gazyň çykarylyşyny esli artdyrmaklyga we sarp edijilere ugratmaklyga mümkinçilik berdi. Ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr mawy ýangyç öndürmeklige deň bolan «Malaý» gaz gysyjy desgasy ýurdumyzyň ilatynyň we ykdysadyýetiniň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrmakda hem-de daşary ýurtlara eksport etmekde öňden bar bolan önümçilik desgalarynyň üstüni ýetirdi.