DUTARYŇ OWAZY HALKYŇ RUHY MUKAMY

Türkmen halkyna däp bolan aýdym-sazlary gadymdan bäri bagşy-sazandalar döredip gelipdirler. Halk arasynda iň meşhur saz guraly bolan dutar solo, ansambl we bagşy kowýan saz guraly hökmünde ulanylýar. Ussat bagşynyň elinde bu, ilki göräýeňde, ýönekeý, iki tarly armut şekilli çalynýan gural bolup, ynsan kalbynyň duýgularyny doly beýan edýär. Türkmen üçin dutaryň owazy elmydama halk kalbynyň mukamy, ruhy dünýäsiniň sesi, ene topragynyň çagyryşy kimin ýaňlanypdyr. Olar özlerini kä ümmülmez sähra, käte-de baharda gül açýan gülälekli meýdanlara alyp gidýän bu jadyly owazy ýürek gürsüldisi bilen diňläpdirler. Dutaryň owazy behişdi ahalteke atlarynyň süýnüp barşyny, türkmen toýlarynyň şowhun-şagalaňyny, ynsan söýgüsiniň çuňlugyny we ajy ajylygyny beýan ediji gudratdyr.

Dutar çalmak bilen türkmeniň ruhuny maýyl etmegi başaranlaryň jemgyýetde aýratyn sylag-hormaty bolupdyr. Sary bagşy, Hally bagşy, Nobat bagşy, Girman bagşy ýaly öz döwrüniň tanymal ussatlarynyň, şeýle hem TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri M. Täçmyradow hem TSSR-iň halk artisti Sahy Jepbarow ýaly halypalaryň atlaryny halk öz kalbynda saklap gelýär. Ezber bagşy, kompozitor, magaryfçy we mugallym Sahy Jepbarow 1937-nji ýylda Aşgabatda açylan Respublikan halk döredijilik öýünde (RHDÖ) ilkinji instrumental-wokal ansamblyny döredýär. Kompozitor hökmünde Magtymgulynyň şeýle hem beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgularyna ençeme aýdymlary döredýär.

Türkmen bagşylary asyrlar boýy döredilen medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary nesilden-nesle geçirmek bilen, halk sungatynyň goragçysy bolup, häzirem bu işi dowam etdirýärler. Bagşlaryň repertuarlarynda «Görogly», «Şasenem – Garyp», «Leýli – Mejnun», «Zöhre – Tahyr», «Ýusup – Ahmet», «Nejeboglan», «Gül – Bilbil» ýaly epik dessanlar, halkyň adaty durmuşyny we ýaşaýyş ýol-ýörelgelerini öz içine alýan beýleki ilhalar eserler aýratyn orny eýeläpdirler.

Türkmenler dutaryň döredýän owazynyň adamzada ýetirýän täsirine, güýjüne ýaragyň täsirinden, güýjünden has ýokary baha beripdirler. Bu berlen bahany «Şükür bagşy» hekaýasynda, hakaýanyň esasynda döredilen adybir «Şükür bagşy» filmiminde çeper beýan etmek arkaly nygtapdyrlar. Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Parahatçylyk sazy, dostluk we doganlyk sazy» atly kitabynda Şükür bagşynyň keşbine, ýeňiş gazanmak we maksada ýetmek başarnygyny ýaragyň güýjüne daýanyp däl-de, eýsem parahatçylykly ýollara daýanmak esasynda çözmegiň antipody hökmünde ýüzlenýär.

Bu jähtden, türkmen dutarynyň owazy türkmen medeniýetiniň bütin dünýäde ykrar edilmäge mynasyplygyny görkezýän iň özboluşly we tanymal hadysalaryň biridir.