ÝYLY MYNASYP TAMAMLANÝAR

photo

Daşoguzyň lukmançylyk daňy serişdelerini öndürýän kärhanasy şu ýyl ýurdumyzyň saglyk edaralaryna önümleriniň onlarça görnüşini tabşyrdy. Bu ýerde eýýäm bahasy 8 million 800 müň manatdan gowrak bolan önüm öndürildi, bu bolsa kärhananyň işgärlerine şu ýyly üstünlikli jemlemäge mümkinçilik berýär.

Bu kärhana awtomatik düzgünde ýekebara we toparlaýyn suratda dürli görnüşli daňy serişdeleriniň 13 milliona çenli topuny öndürýän ýokary tehnologiýaly önümçilikdir. Ol ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň tabşyrýan çig mallaryny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Döwlet maýa goýumlarynyň kömegi bilen, ösdürilip ýetişdirilýän çig pagtany gaýtadan işlemek üçin, Daşoguz welaýatynda ösen infrastruktura döredildi. Bu ýerde dokuzysy “Daşoguzpagta” önümçilik birleşigine degişli bolan on sany pagta arassalaýjy kärhana bar. Olaryň iň ulusy ýylda 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Daşoguzyň segsen töweregi önüm, şol sanda egineşik, ýorgan-düşek we hojalykda ulanylýan dokma önümlerini öndürýän “Çeper” tikin fabrigi üstünlikli işleýär. Şeýle kuwwatly gaýtadan işleýän düzümiň ýeterlik mukdarda bolmagy sebitde pagta senagatynyň ösmegine, şol sanda hususy çig pagta öndürijileriň sanynyň yzygiderli köpelmegine goşant goşýar.