TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTANYŇ HOR TOPARLARY BILELIKDE KONSERT GURADY

Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Milli konserwatoriýasynyň we Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň hor toparlary bilelikde onlaýn konsert guradylar.
Onda Türkmenistanyň halk artisti, dirižýorlyk bölüminiň dosenti Gurban Babaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň talyp hory we Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory, at gazanan sungat işgäri Sona Oganesýanyň ýolbaşçylygyndaky “Over” Ermenistan Döwlet kamera hory meşhur eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Hususan-da, Çaýkowskiniň, Mosartyň, Daňatar Öwezowyň “Dutaryň Owazy” we “Leili – Mejnun” operasyndan eserler ýaňlandy.
TMK-nyň talyplar topary “Ýüzüňden” we “Gözüm düşdi” aýdymlaryny ýerine ýetirip, konsert maksatnamasynyň özüne degişli bölegini Aleksandr Arutýunýanyň “Watan hakda kantata” “Saglyk aýdymy” ýaly eserleri bilen tamamlady. Ermenistanyň Döwlet kamera hory, öz gezeginde, Estoniýaly kompozitor Welýo Tormisiň “Güýz peýzažlary”, iňlis kompozitory Gustaw Olstuň “Söýgimi söýýärin”, Komitasyň 2 siklini we Jorj Wui tarapyndan täzeden işlenen “Täze ýyl aýdymyny” ýerine ýetirdi.
Komitasy häzirki zaman ermeni milli nusgawy sazynyň atasy diýip arkaýyn atlandyryp bolar. Milli aýdym-sazyň janlanmagynda onuň möhüm orny bar. Şu wagta çenli her bir ermeni dünýä derejesinde Ermenistanyň nyşanyna öwrülen beýik kompozitoryň adyny uly hormat bilen ýatlaýar.
Ermenistanyň taryhynda milli aňyýetiň, medeniýetiň we ruhy gymmatlyklaryň kemala gelmeginde aýdym-sazyň tutan orny uly boldy. Ermeni nusgawy sazynyň iň adygan we abraýly wekilleri Aram Haçaturýan bilen Aleksandr Spendiaryandyr.