TÄZE ÝYL BAÝRAMYNA ZÄHMET SOWGADY

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki önümçilik kärhanalary nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda hem-de olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda möhüm işleri alyp barýarlar.
Balkan welaýatyndaky “Nebitgazçykaryş” kärhanasynyň zähmetsöýer abatlaýjylary hem netijeli işleri durmuşa geçirip, üstümizdäki ýylyň geçen döwrüni görnükli iş netijelerine beslemegi başardylar. Has takygy, kärhana boýunça şu ýylyň başyndan bäri önüm bermesini kemelden guýularyň 503-si gaýtadan düýpli abatlanyp, täzeden hatara goşulmak bilen nebit çykaryjylara ulanyşa berildi. Munuň özi, meýilnamadä göz öňünde tutulandan 29 guýy köpdür. Olaryň hasabyna goşmaça alnan “gara altynyň” moçberi hem 256 müň tonna ýetdi.
Şu günlerde hem balkanly abatlaýjylar ýetip gelýän Täze ýyl baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak üçin has-da tutanýerli, öndürijilikli zähmet çekýärler.