BELENT SEPGITLER EÝELENÝÄR

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem tamamlanyp barýan ýylý ýokary zähmet görkezijilerine besläp, Täze ýyl baýramyny uly üstünlikler bilen garşylaýan göreldeli kärhanalar köp.
Olaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orun eýeleýän «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň Günbatar sebitiň Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kärhanasyny görkezmek bolar. Bu ýerde ýokary hil derejesinde öndürilip, diňe bir içerki däl, eýsem daşary sarp edijilere ugradylýan azyklyk nahar duzunyň möçberi hem ýylsaýyn barha artýar.
Ätiýaçlyk gorlarynyň möçberi boýunça tutuş dünýäde öňdäki orunlarda durýan bu meşhur ojakda şu ýylyň geçen hasabat döwründe 87 müň 768 tonnadan gowrak azyklyk duz alyndy. Bu bolsa degişli döwür üçin göz öňünde tutulan meýilnamanyň 103 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Alnan duzlaryň 78 müň tonna golaýy hem däneli duzlardyr. Şeýle-de kärhanada öndürilýän nahar duzy ýodlaşdyrylyp, bezegli owadan gaplarda söwda nokatlaryna ugradylýar.