GÖWÜN ISLÄN SOWGADYŇ BAR

photo

Her çaga Täze ýylda Aýaz babadan sowgat almagy arzuw edýär. Täze ýylyň öň ýanyndaky häzirki günlerde ýurdumyzyň telekeçileri milliona golaýTäze ýyl sowgadyny taýýarladylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň süýji-köke öndürýän kärhanalary öz şahsy önümçiliklerinde öndürilýän datly tagamlar bilen alyjylary doly üpjün etdiler. «Hasar», «Misgär», «Mekan», «Doganlar ýyldyz», «Bagdan», «Duýgy», «Altyn Ýunus», «Täze aý» ýaly önümleri öndürýän kärhanalar Täze ýyla sowgatlyk önümleri çykarmagy özleşdirdiler.

Sowgatlarda tagamy boýunça belli brendleriňkiden kem gelmeýän şokoladdan Aýazbaba, şokoladly kinderler, huruşly batonjyklar, şokolad kemputlar peýda boldy. Telekeçiler toşaply süýjüleriň, kökeleriň we beýleki Täze ýyl tagamlarynyň dürli görnüşleriniň çykarylyşyny artdyrdylar. Häzir dükanlarda, Täze ýyl bazarlarynda we beýleki söwda nokatlarynyň baýramçylyk tekjelerinde göwün islän sowgadyň bar. Ýurdumyzyň telekeçileri guramalaryň 25-sine: dürli çagalar öýlerine we gaznalaryna, garrylar we maýyplar öýlerine, keselhanalara Täze ýyl sowgatlaryny mugt berdiler.