«AK GAR ÝALY AK ARZUWLY TÄZE ÝYL!» SERGISINIŇ GYŞ MANZARLARY WE TÄZE ÝYL NATÝURMORTLARY

photo

Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde gyş tematikasyna bagyşlanan suratlaryň we çeper fotosuratlaryň sergisi açyldy.

Sergide jemi ýüze golaý iş goýlupdyr, olaryň arasynda ýurdumyzyň belli nakgaşlarynyň, şol sanda Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, Şamuhammet Akmuhammedowyň, Rustam Abdullaýewiň we beýleki ençeme nakgaşlaryň çeken dag manzarlary, gar barslary we gyş etýudlary görkezildi.

Şekillendiriş sungaty ussatlary jadylaýjy gyş ertekisiniň duýgusyny takyk beýan edipdirler. Awtorlaryň aýtmagyna görä, şowly pursady tutmak üçin käte alys ýerlere gitmeli bolýar.

Žiwopis eserlerinde täzeden güllemek üçin tebigatyň dynç alyp, güýç toplaýan oba durmuşynyň gözelligi şekillendiriliýär.

Şäheriň fotožiwopisi-de ajap. Aýratyn hem ýaş fotosuratçylar Hoşgeldi Garajaýewiň, Atamyrat Çaryýewiň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Hoşgeldi Atasaparowyň we döredijilik ýokary okuw mekdebiniň uçurymy Ahmet Hallyýewiň gar ýagan Aşgabat hakda suratlary özüne çekýär.

Şu aýyň ahyryna çenli Täze ýylyň jadyly ruhuhy duýup, ak gar manzarlara we gyşyň bendileýji pursatlaryna syn etmekden lezzet alsa bolar.

Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezi «Ak gar ýaly ak arzuwly Täze ýyl!» atly segä çagyrýar.