MERKEZI AZIÝANYŇ TÄZE ÝYL ARÇALARYNA GYSGAÇA SYN

Hoşboý ysly, dürli reňkler bilen öwşün atýan, bezelen – bu sözleriň bary täze ýylyň esasy gözelligi – baýramçylyk arçasy hakynda.
Dürli şäherlerde we ýurtlarda arçalarynyň aýratyn lybaslary we bezegleri bar. Täze ýyl agşamynda myhmançylyga barmak däp bolmagy bilen, geliň, Merkezi Aziýa ýurtlaryna, iň ýakyn goňşularymyza gysgajyk syýahat edip, olaryň Täze ýyl arçalaryna göz aýlalyň.
Indi iki ýyl bäri GDA ýurtlarynyň iň beýik Täze ýyl arçalarynyň arasynda Aşgabadyň «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançasyndaky Baş arçasy birinji orunda durýar.
Beýikligi 38,5 metr, göwrümi 16 metr bolan, depesinde ýiti yşyklar bilen «2022» belgini aňladýan sekizburç ýyldyz oturdylan arçanyň ýanynda guralan dabara dürli öwüşginli çyralar we owadan serişdeler bilen utgaşyp, ertekiler şäherjigini ýadyňa salýar.
Özbegistanyň baş arçasy Daşkendiň çäginden daşda, Kibraý etrabynda gurlan täze «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde ýerleşýär. Hytaýdan getirilen Täze ýyl gözelliginiň ýüzi LED ekranlaryndan ybarat, olara bolsa dürli animasiýalaryň proýeksiýasy düşýär. Arçanyň boýy 35 metre ýetýär.
Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherindäki «Dusti» meýdançasynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen, minimalizm uslybynda bezelen 30 metrlik Täze ýyl arçasy gözellige beslenip dur.
Gyrgyzystanda 25 metrlik Täze ýyl arçasy Bişkekiň «Ala tau» atly merkezi meýdançasynda oturdyldy. Täze ýyl arçasynyň lybasynyň zynatyna 14200 metr bezeg çyralary, 7500 metr dýural ýagtylyş, 8420 metr kagyz sapagy we gar tozgajyklarydyr ýalpyldawuk toplar görnüşindäki 296 oýunjak sarp edildi.
Gazagystanyň paýtagtynda «Nur Alem» öňündäki meýdançada 25 metrlik Täze ýyl gözelliginiň 1600 ýagty çyrasy ýalkym saçýar. Şeýle hem, Täze ýyl arçasynda 300 sany uly we kiçi gar tozgajyklary ýylpyldaýar.