HALYÇYLARYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERI

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň agzybir hem-de zähmetsöýer çeper elli halyçylary ene-mamalarymyzdan gelýän bu gadymy hünäre yhlas edip, 2021-nji ýyly ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jemlediler. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, şeýle hem halyçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde ýylyň dowamynda 20 million 694 müň 223 manatlyk ýokary hilli haly we haly önümleri dokalyp, bu baradaky ýyllyk meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Bu görkeziji kärhananyň gazanan ösüş depgininiň 106 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Kärhanada ýylyň dowamynda dokalan haly we haly önümleriniň umumy möçberi 10 müň 407 inedördül metre barabar boldy. Ýeri gelende Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň ýurdumyzyň iň iri halyçylyk kärhanasydygyny, bu ýerde çeper elli halyçy gelin – gyzlaryň 2 müň 300 – den gowragynyň zähmet çekýändigini belläp geçmek möhümdir.

Ene – mamalarymyzyň zehin – yhlasyndan kemal tapan, nesillere bahasyna ýetip bolmajak medeni miras hökmünde gelip ýeten türkmen halyçylyk sungaty dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO – nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 2019 – njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 14–nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karary bolsa, milli mirasymyza, çeper elli zenanlarymyzyň asyrlar boýy çeken zähmetine dünýä derejesinde goýulýan belent sarpadyr.

Häzirki wagtda halkymyzyň medeni özboluşlylygyny şöhlelendirýän, ýurdumyzyň durmuş – ykdysady ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolan halyçylyk sungatynyň ösmegi üçin giň mümkinçiliker döredilýär. Öz köklerini gadymyýetiň çuňlugyndan alyp gaýdýan, halkymyzyň taryhyny, ruhy – ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän, berkligi, nepisligi, gözelligi babatda dünýäde deňi – taýy bolmadyk halyçylyk sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze röwşe eýe boldy. Milletiň milli ruhuny, türkmen zenanynyň kalbynyň owazyny, ajaýyp türkmen tebigatyny şöhlelendirýän halyçylyk sungatynyň gadymy nusgalary bilen birlikde bagtyýar zamanamyzyň belent ruhuny, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini, Diýarymyzyň gün-günden özgerýän nurana keşbini açyp görkezýän nusgalar döredilýär, dürli ölçegdäki, dürli görnüşdäki halylar dokalýar.

Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda hem adaty ölçegdäki halylar bilen birlikde täze nusgadaky göller çitilen äpet halylaryň, binalaryň ölçeglerine görä tegelek, trapesiýa görnüşdäki halylaryň dokalmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamalarydyr. Kärhanada milli mirasymyzyň gymmatlyklary - horjun, zenanlaryň ýantorbasy, gapylyklar we beýleki dürli görnüşli sowgatlyk haly we haly önümleriniň dokalýandygyny belläp geçmek hem buýsançlydyr.