TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI MUHAMMETGELDI AÝAZOW W.BRÝUSOW ADYNDAKY DÖWLET UNIWERSITETINIŇ ÝUNESKO KAFEDRASYNYŇ MÜDIRI, PROFESSOR TIGRAN TOROSÝAN BILEN DUŞUŞDY

photo

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Avazow W.Brýusow adyndaky Ýerewan döwlet diller we jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň adam hukuklary, demokratiýa we syýasy ylymlar bölüminiň başlygy professor Tigran Torosýan bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar medeni miras babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen diplomaty ermenistanly professory ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizlen Merw, Köneürgenç, Nusaý, şeýle hem beýleki milli gymmatlyklar bilen tanyşdyrdy. 2021-nji ýylyň dekabrynda bu sanawa milli dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty goşuldy.

Myhmana ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Küştdepdi barada wideoşekiller görkezildi.

Adamzadyň medeni mirasy diňe bir geljek üçin gorap saklamak däl-de, eýsem häzirki döwürde has netijeli ulanmak wezipesiniňem bardygyny bellemek gerek.

Medeni gymmatlyklar halkara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. Medeni mirasy goramak we gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde, medeni gatnaşyklar pugtalanýar, ýeke-täk medeni we hukuk giňişligi döreýär.