«GARABOGAZKARBAMID» ZAWODY – TÄZE ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA

photo

Şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alyp, geçen 2021-nji ýyly guwandyryjy zähmet netijelerine beslän kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň biri hem «Garabogazkarbamid» zawodydyr. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýän bu iri senagat kärhanasynda ýetilen belent sepgitler täze 2022-nji ýylda gazanyljak üstünliklere-de pugta binýat bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, döwletimiz, ýurdumyzyň ummasyz gorlara daýanýan uglewodorod serişdelerini häzirki zaman tehnologiýalary arkaly senagat taýdan gaýtadan işläp, halkara bazarlarynda bäsleşige ukyply, şol bir wagtda hem sarp edijileriň artýan isleglerinden peýdalanýan önümleriň önümçiligini ýola goýmaga hemişe uly üns berýär. Şeýle asylly maksadyň täze rowaçlyklara eýe bolmagy üçinem ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýär. «Garabogazkarbamid» zawody hem şeýle nusgalyk tutumlaryň çäklerinde gurlup, milli ykdysadyýetimiziň gazhimiýa toplumynyň okgunly ösmegine netijeli itergi berdi. Zawodda öndürilýän karbamid döküni bolsa ilkinji nobatda, daşarky bazarlara çykarmaga niýetlenendir.

Elbetde karbamid dökünine içerki we daşarky bazarlarda durnukly artýan islegler kämil tehnologiýalara, ylmy taýdan işläp taýýarlamalara daýanýan bu senagat kärhanasyna geçen ýyly mynasyp zähmet görkezijilerine beslemäge mümkinçilik berdi. Netijede, kärhana geçen ýylda karbamid döküniniň 989 müň 111 tonna golaýyny öndürmegiň hötdesinden geldi. Agrosenagat toplumynda ýokary islege eýe bolan bu döküni öndürmekde zerur çig mal bolup hyzmat edýän suwuk ammiagyň 570 müň 466 tonnadan gowragy öndürildi. Ýeri gelende aýtsak, häzirki zaman gazhimiýa kärhanasynda öndürilen döküniň 967 müň 886 tonnadan gowragy sarp edijilere ýetirilip, şonuň 455 müň 144 tonna golaýy daşarky bazarlarda ýerleşdirildi. Galan möçberi bolsa ýurdumyzyň sarp edijilerine ugradyldy.

Karbamid döküni Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Ukraina, Türkiýe Respublikasy ýaly döwletlere eksport edilýär. Özbegistan, Owganystan, Eýran, Gazagystan döwletleriniň bazarlarynda hem bu önüme islegler yzygiderli artýar.

Durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, döwletimiz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, mineral dökünleriň önümçiliginiň işini üznüksiz ýola goýmakda hem-de milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumy üçin zerur bolan mineral dökünleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmakda gerimi giň saldamly işleri durmuşa geçirýär. Şunlukda, önümçiligiň senagat görnüşiniň mäkäm binýady döredilip, döredilýän binýat ýurdumyzyň röwşen geljegini nazarlaýan derwaýys ugurlaryň birine öwrülýär. Muňa oňat düşünýän «Garabogazkarbamid» zawodynyň zähmetsöýer hünärmenleri iş depginlerini barha ýokarlandyryp, üstümizdäki ýylda has-da belent sepgitleri eýelemegi maksat edinýärler.