TÜRKMENISTAN HALKARA MALIÝE GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYKDA DEŇIZ ULAGLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ TASLAMASYNY AMALA AŞYRAR

photo

Türkmenistan deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar, ol Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we gami abatlaýyş zawodynda üç gämi gurmagy göz öňünde tutýar. Taslama Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan Hazar deňzinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen deňiz ulag işleriniň amallarynyň geçirijilik ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagy şeýle hem ýurdumyzyň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmegi maksat edinýär. Taslama şeýle hem aýratyan ýaş uçurymlara işe ýerleşmäge mümkinçilik döreder we täze tehnologiýalara laýyklykda döredilen hereketlendirijileri ulanmak arkaly daşky gurşawy goramaga goşant goşar.

Taslamanyň jemi bahasy ABŞ-nyň 150,25 million dollaryna barabardyr. Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara maýa goýum bazarynda resmi wekili bolan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň resmi saýtynyň habaryna görä, taslamany amala aşyrmak üçin halkara maliýe düzümleriniň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) we OPEK Halkara ösüş gaznasynyň serişdeleri çekilýär.

Yslam ösüş bankynyň ýerine ýetiriji direktorlarlarynyň geňeşi 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanda deňiz ulagyny ösdürmek taslamasynyň maliýeleşdirilmegine 90,15 million ABŞ-nyň dollary möçberiniň bölünip berilmegini makullady. Taslamanyň umumy bahasy 150,25 million ABŞ-nyň dollaryna barabar. 90 million ABŞ-nyň dollary Möhletleýin Satuw baradaky (Installment Sale) usuly arkaly we 0,15 million dollary Gaýtadan aragatnaşygyň Maksatnamasy boýunça Grant (Reverse Linkage Grant) usuly arkaly maliýeşdiriler. Taslamanyň 45 million ABŞ-nyň dollary OPEK Gaznasy tarapyndan, galan 15 million amerikan dollary bolsa Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan töleniler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky YÖB we OPEK Gaznasy bilen Ro-Ro gämileriniň (tigirli ýükleri we ýolagçylary gatnatmak üçin) ikisini we bir ýük gämisini gurmagy maliýeleşdirmäge ylalaşyk baglaşar. Ylalaşyk şeýle hem olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri öz içine alýar.