ZEÝTUN – MÜŇ BIR DERDIŇ DERDAMY

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» geňeşliginiň Şarlawuk obasynyň golaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, dürli miweli baglary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan tejribeli telekeçi Taňryberdi Jepbarowyň ekerançylyk meýdanynda zeýtun ösdürip ýetişdirmekde degişli ideg işleri alnyp barylýar.
Baýry telekeçiniň häzirki pursatda bu ajaýyp künjekdäki miweli baglarynyň tutýan meýdany ýedi gektara ýetýär. Şonça meýdanda geçen döwürde ýaş nahallary oturdylan zeýtun agajynyň 1700-e golaý düýbi kadaly ösüp otyr. Şu ýylyň altyn güýzünde olaryň 1200 düýbüniň hasyl bermegine garaşylýar. Ekologiýa taýdan arassalygy, tagamlylygy we ynsan bedenine ýokumlylygy bilen tapawutlanýan zeýtun miweleriniň möçberi geljekde has-da artar.
Zeýtun suwsuzlyga örän çydamly agaç bolup, ol ýylyň ähli paslynda gök öwsüp oturýar. Onuň miwesi we ondan alynýan ýagy juda gymmatly hem ýokumly, ynsan bedeni üçinem siňňitli iýmit hasaplanylýar. Zeýtun miweleriniň 25 görnüşi senagat önümçiliginde giňden peýdalanylýar.
Etregiň subtropik howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän bu baglar dünýäniň beýleki ýurtlaryndaka garanyňda 40-45 gün öň hasyl berip başlaýar. Onuň ýaglylygy hem 10-15 göterim ýokarydyr. Zeýtun ýürek--damar keselleriniň öňüni almakda, başga-da birnäçe sökelliklerde juda peýdalydyr.
Alymlaryň aýtmagyna görä, onuň süýnmek görnüşli miwesiniň 70 göterimini ýag tutýar. Onuň düzüminde hem adamyň beden agzalary üçin diýseň gymmatly melhemler jemlenendir. Aýratynam, onuň bişen miwelerinden alynýan ösümlik ýagy dünýädäki ähli görnüşli ýaglardan tapawutlanýar. Ähli keselleriň garşysyna berhiz saklamakda, şeýle-de islendik nahar taýýarlananda, onuň ýokumlylygy ýokarydyr. Bu ýag bedende dörän ähli näsazlyklary kadalaşdyrýar. Galyberse-de, ösümlik ýaglarynyň içinde iň köp witamin zeýtun ýagynda bardyr. Täsin miwe hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde hem aýratyn nygtalyp geçilýär.
Müň bir derdiň dermany bolan zeýtun ýagy derman, dokma, azyk, parfýumeriýa senagatynda we şeýlede ýokary hilli maldarçylyk, balyk önümlerini taýýarlamakda, sabyn, lak, reňk--boýag kärhanalarynda tapylgysyz çig mal bolup hyzmat edýär. Zeýtun agajynyň 700-den 1200-e çenli, käbir maglumatlara görä bolsa 2000-2500-ýyla çenli ýaşamagy tebigydyr. Geň ýeri-de, zeýtun agajy şeýle uzak ýaşasa-da hasylyny kemmeýär.