TEBIGATY GORAMAGYŇ YLMY USULLARY

photo

Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň daşky gurşawy goramak tehnologiýasy laboratoriýasy topragyň, suwuň, howanyň arassalygyny saklamagyň we olary zyýanly dürli maddalardan arassalamagyň usullarynyň ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Laboratoriýa Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginden ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin degişli resminamany aldy. Laboratoriýa şu ýylyň ýanwarynda berlen ekologiýa işine rugsat Merkeziň hünarmenlerine tebigy serişdeler ulanylanda we işlenilende daşky gurşawy goramak boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmaga hukuk berýär, olaryň aýawly saklamagy we daşky tebigy gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almagy üpjün edýär.

Laboratoriýa berlen resminamana laýyklykda, ýurdumyzyň kärhanalarynyň, guramalarynyň, zawod-fabrikleriniň şeýle hem döwlet edaralara hem-de hususy pudagyň dürli edaralarynyň öndürýän täze önümleriniň ekologiýa pasportlaryny we kadalaşdyryjy resminamalaryny (tehnologik düzgünleri, tehniki şertleri we döwlet standartlaryny) işläp taýýarlar.

Daşky gurşawy laboratoriýasy inženerçilik-gözleg işleri geçirilende hyzmatlary we tehniki maslahatlary teklip edip biler we tebigy serişdeleriň bir görnüşi ulanylanda (gazylyp alnanda, çykarylanda) beýleki tebigy serişdelere ýetirýän zyýanyny azaltmak üçin kärhananyň hojalyk işiniň daşky gurşawa az täsiri bolar ýaly ulanmagy göz öňünde tutýar.

Laboratoriýanyň hünärmenleri kärhanalaryň daşky gurşawa goýberýän suwuk, gaz görnüşli we gaty önümçilik galyndylarynyň rugsat berlen kadalaryny işläp taýýarlamaga girişdiler hem-de zyňyndylaryň ýaramaz täsirini azaltmak, olary gaýtadan işlemek we ulanmak boýunça maslahatlary berýär. Ýerli çig maldan ekologiýa taýdan arassa dökünleri işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.