KEÇE – GADYMY HEM MÜDIMI SUNGAT

photo

Medeniýet ministrliginiň işgärleriniň başlangyjy bilen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keçe – türkmenleriň kämil çeper döredijiliginiň nusgasy» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Muzedäki saklanylýan keçe önümleriniň sergisi oňa özboluşly giriş boldy.

Aýratynlygy bilen bu ýere gelýänleri geň galdyrýan sergi şowly hasaplanylýar. Bagşylaryň çykyşy bu çäräniň täsirliligini artdyrdy.

Düýe ýüňi halkymyzda keramatly saýylýar, şonuň üçin hem düýe ýüňünden edilen zatlara aýak bilen basmak bolmaýar. Keçe goýun ýüňünden basylýar, ýöne ilki ol ýuwulýar, daralýar, boýalýar, güllenilýär, gaýnag suw guýlup çekilýär.

Ine-de, ilkinji gözel zat – muzeýiň zenan işgärleriniň öz eli bilen basan keçesi. Indi ol bu senediň türkmen zenanlarynyň arasynda giňden ýaýrandygyna şaýatlyk edýän muzeý gymmatglygy bolup dur.

«Pagta» atly tematiki keçe üýteşik – mawy reňkde basylypdyr. Onuň awtory A.Hajyýew pagta ýygyp ýören birnäçe zenany görkezmegi başarypdyr.

Nakgaş Gulýa Gurbanowa «Germaniýa – türkmen nakgaşlarynyň gözi bilen» we «Rejep Rejebowyň tamamlanmadyk «Garagum şemalynyň ertekisi» operasyna bagyşlama» atly iki sany ajap keçe-suratyny sergä hödürläpdir. Gulýa Gurbanowa öz işleri bilen keçäniň çeper gymmatlyklaryny beýan etmekde çäksiz mümkinçilige eýedigini subut etdi. Gulýa Gurbanowa birinji keçesini Aşgabatdaky Fransiýa institutyna peşgeş berdi, ikinjisiniň ykbaly şu sergide belli boldy – nakgaş ony Döwlet muzeýine berdi. Şeýlelik bilen awtor olary köpçülige elýeterli etdi.

Keçe önümleri häli-häzire çenli durmuşda ulanylýar. Mysal üçin, keçe ädik, ýük daşaýan mallar üçin baýramçylyk çärelerinde ulanylýan basyryk, gelin bukjasy, dutardyr beýleki saz gurallaryna daşlyk ýaly zatlar ak ýüňden basylyp, olara nagyş salynýar, reňkli goşundy matalar tikilýär.

Sergä gyzykly gezelençden soň oňa gelenler çäräni jemlän gadymy hem müdimi keçe basmak sungatyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.