TÄZE A-98 BENZINI ÖNDÜRILIP BAŞLANDY

photo

Berkarar döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň Balkan welaýatyndaky önümçilik kärhanalary üstümizdäki ýylda guwandyryjy zähmet görkezijilerini gazanýarlar. Şolaryň biri-de milli senagatymyzyň kerwenbaşysy bolan Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr.

Bu häzirki zaman kärhanasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli müdirliklerinden gelip gowuşýan «gara altyn» gaýtadan işlenip, harytlyk görnüşine getirilýär. Daşarky sarp edijiler tarapyndan uly islegler bildirilýän geçginli önümleri öndürmekde bu ýerde nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan täze önümçilikleri giňeltmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, şol sanda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Bu ugurda döwletimiz tarapyndan öňde goýlan belent wezipelere abraý bilen hötde gelýän senagat kärhanasynyň tejribeli inžener — tehniki işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler. Olar halkara talaplaryna laýyk gelýän hil nyşanly önümleri öndürmekde, önümçilige täze innowasion usullary, ylmyň soňky gazananlarydyr öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmakda hem wajyp işleri alyp barýarlar.

Muňa bolsa ýaňy-ýakynda zawodlar toplumynda içerki mümkinçilikleriň hasabyna täze A-98 kysymly awtoulag benzininiň öndürilip başlanmagam aýdyň şaýatlyk edýär. Täze önüm üçin 1400 tonnadan gowrak ýöriteleşdirilen çig maldan 14,36 tonna benziniň senagat tapgyry taýýarlanyldy. Ýeri gelende aýtsak, täze önümiň hil görkezijilerini Ýewropa standartlarynyň ekologiki talaplaryna laýyk getirmek üçin, bu ýerdäki awtoulag benzinleriniň komponentlerini öndürýän desgalaryň işleýiş kadalaryna üýtgetmeler girizildi.

Kärhananyň tejribeli hünärmenleriniň gürrüň bermegine görä, ýerli şertlerde geçirilen synaglar täze önümiň ekologiýa taýdan arassalygyny, önümçilik üçin ygtybarlydygyny kesgitledi. Şeýle-de Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Ahal welaýatyndaky Gazdan benzin öndürýän zawodynyň önümçilik enjamlarynda geçirilen kämil synaglar täze görnüşli benziniň döwletara standartynyň K-5 ekologiki we Euro-6 talaplaryna laýyk gelýändigini subut etdi. Synag döwründe amala aşyrylan tapgyrlaýyn takyk işleriň ählisi-de garaşylýan netijeleri berdi. Şeýlelikde etillenmedik täze önümiň düzümindäki benzolyň, aromatiki uglewodorodlaryň we olefinleriň mukdary Niderland patyşalygynyň Saýbolt kompaniýasynyň barlaghanasynyň synagyndan hem şowly geçdi.

Netijede ýokary hil talaplaryna laýyk gelip, pasportlaşdyrylan we sertifikatlaşdyrylan önüm ekologiýa taýdan arassalygy, tygşytlygy bilen tapawutlanýar. Täze A-98 kysymly benzine sarp edijiler tarapyndan hem uly isleg bildirilýär.