MARY WELAÝAT KITAPHANASYNYŇ DÖREDILENINE 110 ÝYL BOLDY

1912-nji ýylda Merw uýezd kitaphanasynyň binýadynda Mary welaýat kitaphansy döredildi. Onuň döredilenine şu ýyl 110 ýyl dolýar.
Kitaphanaçylar ençeme ýylyň dowamynda magaryfçylygyň iň gowy ýörelgelerini gorap we ösdürip geldiler. Uzak ýyllaryň dowamynda hünärmenleriň birnäçe nesli täzelendi. Ýöne esasy maksat: adamlarda kitaba bolan söýgini ösdürmek we ýokary ahlakly, ýurdumyza wepaly adamlary terbiýelemek üýtgewsizligine galýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy netijesinde 2011-nji ýylda köpugurly döwrebap kitaphananyň täze binasynyň dabaraly açylyşy boldy.
Azyndan üç million kitap gory bolan welaýatda iň iri ktaphana öwrülen bu kitaphana Mary şäheriniň kitapsöýüjileriniň esasy gelim-gidimli ýerleriniň biri boldy.
Indi Mary welaýat kitaphanasy birbada 600 okyjyny kabul edip bilýär. Binanyň üç gatynda kitap saklanyýan otaglar, kitap ussahanasy, ýörite bölümleriň iş otaglary, şol sanda abatlaýyş otaglary, okalgalaryň dokuzysy, kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilen otaglar, maslahatlar-otaglary, çagalar otagy we ýaşulular üçin aýratyn okalga bar.
Mundan başga-da, kitaphanada türkmen kitaplarynyň taryhy muzeýi bolup, onda seýrek duşýan kitaplar we gadymy golýazmalar hem bar.
Kitaphananyň döwrebap binasy şäheriň görküne görk goşýar. Çigildem gülýaprakalary şekilli gümmeziniň astynda güýçli teleskoply obserwatoriýa bar. Şeýle hem Mary welaýat kitaphanasynyň öz web-saýty bolup, onda ýurdumyzda geçirilýän çäreler we täze kitap önümleri bilen tanşyp bolýar.