NOWRUZ GELSE ÄLEME...

photo

Ýurdumyz Halkara Nowruz baýramyny bellemäge taýýarlyk görýär.

2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etdi we bu bahar baýramyny halklaryň arasynda parahatlçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ideallaryny ykrar edýän dabara hökmünde bellemäge çagyrdy.

Nowruz halklaryň köpüsiniň medeni ýörelgesi hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzat medeniýetiniň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girýär. Biziň ýurdumyz üçin bolsa, ol gün milli senenama boýunça bahar gelendigini aňladýan baýramdyr. Bu ýyl bolsa Bahar baýramy günlerinde geçirilýän çäreler bilen birlikde 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy hem bolar.

Parasatly pederlerimiz Nowruzda tebigatyň täzeden jana girýändigini, täze oba hojalyk ýylynyň başlanýandygyny, ýere tohum sepmek we bag nahallaryny oturtmak möwsümidigini kesgitläpdirler. Semeni—Nowruz baýramynyň esasy tagamydyr. Bu datly tagamy taýýarlamagyň syrlary nesilden-nesle geçip gelýär.

Adatça semeni Nowruzyň öň ýany taýýarlanylýar. Ol gijesi bilen daň atynça gaýnadylýar. Onsoň goýy-goňur reňkli tagam taýýar bolýar.

Türkmensitanlylar hemişe Nowruz baýramyny dabaraly belleýärler. Baýramçylyk dabaralary milli ruhda we däplere görä geçirilýär. Ýurdumyzyň ählli künjeginde aýdym-tans we folklor toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary guralýar.

Bagşylar belent owazdan aýdym aýtsalar, ýaşlar hiňňildik uçýarlar, at çapyşyklary geçirilýär. Baýram güni täze eşik geýip, myhmançylyga gitmek, birek-birege sowgat bermek däbe öwrülendir.

Gije-güdiziň deňleşýän pursaty bolan Nowruz adamlary döredijilige, zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan röwşen bahar baýramy hökmünde hoşmeýillilige we parahatçylyga çagyrýar.