BAHAR GELDI – NOWRUZ GELDI

Paýtagtymyzdaky Çeperçilik sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň suratkeşleriniň Nowruz baýramçylygyna bagyşlanan «Bahar geldi – Nowruz geldi» atly eserleriniň sergisi açyldy. Merkeziň birinji gatynda 140-dan gowrak surat, zergär önümleri, keramiki gaplar ýerleşdirildi.
Bu ýere gelenleri Ýagşymyrat Kerimowyň iki sany eseri – gyzyl çaýylan sapak bilen çekilen «Dag argalysy» garşy alýardy. Argaly şol bir usylda çekilen «Bahar geldi» atly başga bir suratdaky açylan gülleri geň galmak bilen synlaýardy.
Ine-de, awtoryň özi, biz oňa dessine şeýle soraglary berdik: Näme üçin argaly? Näme üçin altyn?
– Çagalygymdan aw etmek höwesim bar – diýip, Ýagşymyrat düşündirýär. – Meniň üçin Köpetdagyň etegine baharyň gelmegi tebigatyň ajaýyp özgerişidir, bu bolsa, ilki bilen gaýalaryň üstünde, göýä diýersiň, pelpelläp duran dag argalysynda ýüze çykýar. Ol, göýä agramsyz ýaly, şonuň üçin-de men ony gözenek-gözenek edip şekillendirdim. Altyn barada aýdylanda bolsa, bahar, bu – ruhuňa görä, keýpiňe laýyk ertekidir. Duýgularymy sergä gelýänler bilen paýlaşmagy makul bildim.
Serginiň ilkinji täsiri – peýzažlaryň ileri tutulmagydyr. Şäher peýzažlaryny öz eserlerinde Tamara Kiselýowa we Natalýa Kalugina görkezipdir. Olarda häzirki zaman Aşgabady, Watanymyzyň ýüregi, uzak we bagtly ýaşamak islegini oýarýan şäherimiz şekillendirilýär.
Myratgeldi Gurbangeldiýew «Garrygala» peýzažyny görkezdi: tegelenip duran kiçeňräk gaýa ulgamy, onuň eteginde birnäçe Ahalteke aty otlap ýör. Bu surata seredip, Natalýa Pawlowna: «Men bu ýeri bilýärin! Bu peýzažy hökman çekerin, ýöne başgaça» diýip gygyrdy. Ol bu gürrüňine öz goşgusyndan bir-iki setirem goşdy: «Bahara ýeten bolsam, Güneş maňa gülüp bakar...».
Sergä gelenleri uzak wagtlap ýanynda saklaýan «Bahar» suratynda nakgaş Erkim Kabulow peýzažy bir hili, köne terzde, barha arany açyp barýan howa gürmeginiň manzarasy arkaly suratlandyrypdyr. Daragtlardyr ýeňiljek duman bilen gurşalan çaýy görkezmegiň bu usuly, uslyby boýunça, XIX asyryň Barbizon peýzaž mekdebini ýada salýar.
Ýeri gelende aýtsak, sergidäki suratlarda köpdürli uslyp ulanylypdyr. Dünýäniň täze, adaty däl görnüşini batyrgaýlyk bilen özleşdirýän suratkeşlerimiziň köp taraplylygyna begenmän durup bolmaýar.
Döwletmyrat Gurtmyradow fotorealizm uslybynda çeken «Bahar» suratyny görkezdi. Onda eliniň aýasynda iým tutup, iki sany serçäni iýmleýän bagtly mähirli aýal şekillendirilipdir. Bu suratyň gahrymanlarynyň arasyndaky şatlyk we ynanyşma tomaşaçyda oňyn duýgulary döredýär.
Şirin Abaýewanyň «Abstraksiýa» atly suratlar toplumy Döwletmyrat Gurtmyradowyň fotorealizmine garşy çykýan ýaly görünýär. Birnäçe eserde deňziň girdabymy ýa-da tupanyň öňüsyrasyndaky asman şekillendirilýär. Şiriniň başga bir suratynda altyn zolaklar zümerret zolaklar bilen gezekleşýär, bu, ähtimal, tomaşaçylara daşky dünýäniň üýtgäp durýandygyny ýada salýandyr.
Orazgylyç Öwezow gyzykly «Natýurmorty» görkezdi. Iri maskalar bilen çekilen otag güli miweleriň gurşawynda – zatlary saýlamak taýdan-da adaty däl. Mundan başga-da, «Natýurmort» awtoryň düýp tebigatyny, onuň aňladyş usulyny berýär.
Zalyň garşylykly tarapynda bolsa Kerim Orazberdiýewiň «Bägüller» atly suraty sergä çykarylýar. Ak bägüller tomaşaçylara hut diri ýaly seredýär. Olar arzyly wagta ýetensoňlar, öz asylzadalyk gözelliklerine bil baglaýarlar, emma ol asla uzak dowam etmez.
Bahar miweli agaçlaryň gülleýän wagtydyr, bu täsin owadan hadysany Magtymguly Atakow «Bahar» suratynda beýan edipdir. Magtymguly akril reňkleri ulanypdyr, olar bolsa awtora gülleýän agaçlaryň arassalygyny, ýeňilligini we nepisligini döretmäge kömek edipdir. Ähtimal, hut şu-da bize Baharyň gelendigini, Nowruzyň gelendigini habar berýändir.