HK «BATLY GADAM» EKSPORT MÜMKINÇILIGINI ARTDYRÝAR

photo

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Balkanabat şäherindäki «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýokary hilli, islegli önümleri öndürýärler.

Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemek maksady bilen täze önümçilik ulgamyny döredip, geçginli harytlary, hil nyşanly önümleri öndürýän «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň bu gün işleri ileri, ümzügi öňe. Bu ýerde ösen tehnologiýalar we ylmyň soňky gazananlarydyr öňdebaryjy tejribeler esasynda ornaşdyrylan kuwwatly, kämil daşary ýurt enjamlarynda döredijilikli, netijeli işlenilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap enjamlar bolsa pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän ýüplüklerdir joraplaryň ýokary hil derejesini üpjün edýär. Mundan başga-da, içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply önümleriň görnüşleriniň we möçberleriniň has-da artmagyny doly şertlendirýär.

Jorap önümçiligi bölüminde her günde 50 müň jübüt jorap taýýarlanylýar. Bu bolsa içerki sarp edijileriň hyrydary ýetik önümlere bolan isleglerini ýeterlik derejede kanagatlandyrýar. Şonuň ýaly-da ýerli pagtadan öndürilýän jorap we jorap önümleriniň belli bir möçberi Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjana, Gazagystana, Eýrana, Türkiýe döwletine ugradylýar.

Golaýda biz bu ýerde bolanymyzda, «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň direktorynyň orunbasary Aýmämmet Amanmämmedow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:

– Kärhanamyza welaýatymyzyň Serdar etrabynyň çäginden oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin bölünip berildi. Şonuň alty müň gektaryna bugdaý ekilip, olara häzirki wagtda agrotehniki talaplara laýyklykda degişli ideg işleri guramaçylykly ýola goýuldy. Gymmatly çig mal bolan pagta üçin üç müň gektar meýdanymyz bar. Şu mahal ekin ýerimiz ýaz ekişine taýýarlanýar. Mundan başga-da şugundyr, gök-bakja hem-de ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirip, bol hasyl almagy meýilleşdirýäris – diýip, ýakyn geljekki işleri barada gürrüň berdi.