DÖWREBAP MEBELLER ÖNDÜRILÝÄR

Ýurdumyzyň mebelleriň dürli görnüşlerini öndürýän telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksporty artdyrmak ýaly ileri tutulýan milli wezipeleri durmuşa geçirmäge, iň esasy-da – ilatyň oňaýly durmuşy üçin döwrebap şertleri döretmäge goşant goşýarlar.
«Aýbölek» mebel fabrigi Türkmenistanda şahsy telekeçigiň ilkinjileriniň biridir. 2010-njy ýylyň tomsunda onuň dabaraly açylyşy boldy. Kärhana telekeçilgi goldamak baradaky döwlet maksatnamasynyň çäklerinde bina edildi we ýokary hilli önüm çykarmaga mümkinçilik berýän Ýewropa enjamlary bilen üpjün edilen.
Geçen döwürde fabrik köpçülik üçin hem, şeýle hem materiallary Ýewropadan satyn alynýan naýbaşy mebel öndürip, önümleriň görnüşini artdyrdy. «Aýbölek» şahsy buýurmalardan başga-da, çagalar baglary we okuw jaýlary, lukmançylyk edaralary, umumy ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, harby bölümler hem-de sport toplumlary ýaly guramalar üçin dürli görnüşli mebelleri taýýarlaýar.Ilat arasynda mebel diwarçalary, daşky jaý mebeli, şkaflar, ýatalga we çagalar garniturlary, nahar we kompýuter stollary hem-de beýleki mebeller uly islegden peýdalanýar. Onuň teklip edýän hyzmatlarynyň sanawynda mebeli eýesine eltip bermek we ony tejribeli hünärmenleriň gurnamagy ýaly hyzmatlar hem bar.
Häzirki wagtda «Aýbölek» fabriginiň mebelleri diňe bir türkmenistanlylaryň öýünde amatlylyk döretmän, eýsem ýurdumyzyň çäginden daşarda-da islegli harytlardyr. Telekeçiler daşary ýurtlarda şahamçalaryny açyp, iş ugruny giňeltmäge çalyşýarlar. Daşary ýurtlardaky şahamçalryň işinde milli däp-dessurlary wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen sallançaklary, çagalar oýunjaklaryny, at şekilli öňe-yza yranýan kürsüjikleri, milli nagyşly, bezegli mebelleri öndürmek göz öňünde tutulýar.
Daşoguz wealýatynyň Gubadag etrabynda ýerleşýän «Türkmen çаrwа» hususy kärhanasy hem mebel bazarynda öz ornuny tapdy. Ol bu pudakda iň ýaş kärhanalaryň biri bolsa-da, kärhananyň öndürýän önüminiň ýokary hili, bezegi, oňaýlylygy, ýokary gyzgynlyga ýa-da aşa çyglylyga çydamlylygy alyjylary özüne çekdi. Kärhananyň hünärmenleri öz öünmeriniň jaýlarda aňryçäk amatly we oňaýly şertleri döredändigini aýdýarlar. Mebelden başga-da, bu ýerde plastik penjireler, dürli bezegli ýeňil we berk otagara gapylar, ýyladyş batareýalary üçin ekranlar we ş.m. önümler taýýarlanylýar.
Ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda mebel öndürýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar, bu bolsa Türkmenistanda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ýokary depgini we ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanýandygy bilen baglydyr.