«TÄZE AÝYŇ» ÝOKARY HILLI ÖNÜMLERI

photo

12-nji aprelde ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleriniň sergisi açylar. Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 200-den gowragy öz önümlerini görkezerler. Türkmensitanyň azyk bazarynda özüniň ýokary hilli önümleri bilen giňden tanalýan «Täze Aý» kompaniýasynyň gazanan üstünlikleri ýurdumyzda telekiçligi ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigine we olardan netijeli peýdalanylýandydgyna şaýatlyk edýär.

2004-nji ýylda birnäçe kärhanalaryň birleşmeginden dörän kompaniýa wagtyň geçmegi bilen şöhlat, süýji-köke we süýt önümlerini öndürýän uly kärhana öwrülip, önümleriniň hiliniň ýokarylygy bilen alyjylaryň ynamyny gazandy. Önümçilik kuwwatlyklary hil we azyk önümleriniň howpsuzlygy halkara ölçeglerine laýyklykda sertifikatlaşdyrylan.

Türkmensitanlylar «Täze Aý» haryt belgili azyk önümleriniň ýüzlerçesini bilýändirler. Sazalşykly ösýän kompaniýa önümçilik hem-de marketing strategiýasyny kämilleşdirip we döwrebaplaşdyryp, azyk bazarynyň täzeden täze ugurlaryny özleşdirmäge, içerki we daşarky bazarlarda satuwyň çägini giňeltmäge çalyşýar. Şunda bu ýerde işleýän 1705 işgäriň we alyjylaryň bähbidi ileri tutulýär.

Kompaniýada: «Kärine usssat hünärmenler we döwrebap enjamlar – ussatlygymyzyň hem-de üstünligimiziň girewidir» -diýýärler. Olar önümçiligiň doly tapgyryny we onuň ähli tapgyrynda berk gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hünärmenler täze önüm döredilmezden ozal bazaryň ýagdaýyny we alyjylaryň islegini öwrenýärler, ýokary hilli çig mal ulanyp täze önümerli taýýarlaýarlar. Diňe ençeme gezek barlanylandan soň kärhananyň hünärmenleriniň döredýän täze önümleri önümçilige ornaşdyrylýar.

«Täze Aý» dürli şöhlat, süýji-köke we süýt önümlerini ýurdumyzyň bazarlaryna we söwda merkezlerine ugradýar.

Kompaniýada «ýokary hilli önümiň daşky görnüşi hem göz eýakymly bolmalydyr!» diýen ýörelgeden ugur alnyp, harytlaryň özüne çekijiligine, alyjylaryň islegine görä önümiň görnüşleriniň yzygiderli täzelenilmegine uly üns berilýär. Sehlerdäki we iş otaglaryndaky amatly iş şertler bilen birlikde başga-da ençeme zatlar – päk ýürekli zähmet hem-de işe döredijilikli garaýyş üçin mynasyp bahadyr» - diýýärler.