“Milli ulgam” sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan dürli çözgütleri hödürleýär

“Milli ulgam” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýyldan bäri sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan “akylly” şäher çözgüdini alyp barýar. Bu ýerde 30-a golaý IT hünärmenler zähmet çekýär. “Milli ulgam” özüniň alyp barýan işleriniň çäginde “akylly” ulgamlary gurnamak üçin telekom infrastruktura çözgütlerini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär.
“Milli ulgamyň” taslamalarynyň ýene biri “akylly” öý taslamasy bolup, ol yşyklandyryş we ýyladyş enjamlaryna hem-de ulgamlaryna uzakdan gözegçilik etmek, dolandyrmak üçin internete birikdirilen enjamlary hödürleýär. “Akylly” şäherler üçin kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmeginiň iň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny göz öňünde tutup, “Galkan” atly milli we ýerli kiberhowpsuzlyk ulgamyny ulanyşa hödürledi. “Galkan” kiberhowpsuzlyk ulgamy “akylly” şäherlerde ähli raýatlar, döwlet edaralary, howpsuzlygy üpjün edýän gulluklar üçin örän wajyp resminamalary sanly ulgam arkaly özünde saklaýandygyny göz öňünde tutup, has berk we ygtybarly gorag hyzmatyny hödürleýär.
Dürli görnüşli we birnäçe ugurly tölegleriň ählisini bir töleg ulgamy — “Takyk” töleg ulgamy “Milli ulgamyň” esasy taslamalarynyň biri hasaplanylýar. Şeýle-de “Milli ulgam” “Laçyn” haryt nyşanly ýol hereketini dolandyryş ulgamyny hödürleýär. “Laçyn” ulgamlary şäher köçelerinde howpsuzlygy we ulag akymyny tiz wagtda gowulandyrmak üçin şäheriň düzümindäki ähli köçe we çatryklaryň maglumatlaryny işläp bilýän ulgamdyr.