Bütindünýä ýadygärlikler mirasyny goramak güni

photo

1983-nji ýylda ajaýyp ýerleri we ýadygärlikleri goramak meselesi boýunça (ИКОМОС) Halkara Assambleýa tarapyndan kabul edilen kararyň netijesinde 18-nji aprel taryhy ýerleri we ýadygärlikleri goramagyň Halkara güni diýlip yglan edildi. Indi şondan bäri bu sene ÝUNESKO-nyň senenamasynda baýramçylyk günleriniň hatarynda möhüm ýeri eýeläp gelýär. Bu guramanyň halkara meýdançasynda esasy wezipeleriniň geljekki nesiller üçin medeni ýadygärlikleri hem tebigy ýerleri gorap saklamakdyr.

Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleriň öwrenilişi hem-de gaýtadan dikeldilişi barada, Türkmenistanyň gorag boýunça Milli dolandyryş bölüminiň başlygy Jemal Orazmyradowa gürrüň berdi:

– Şu günki gün Bütindünýä mirasyň sanawyna halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda üç sany ajaýyp ýadygärlikler girizildi. Bu taryhy-medeni goraghanalar «Gadymy Merw» (1999-njy ýyldan bäri), «Köneürgenç» (2005-nji ýyldan bäri), we Nusaý galasy (2007-nji ýyldan bäri) taryhy ýädygärlikleridir. Olaryň ylmy we taryhy ähmiýeti milli çäklerimizden uzaklara ýaýrap, häzirki we geljekki nesilleriň dünýä gymmatlyklaryna wekillik edýär. Taryhy-medeni mirasymyzyň gymmatlygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Çünki Türkmenistanyň çäklerinde dünýäde ilkinji ekerançylygyň gadymy ýadygärlikleri, Goňur depe, Namazga depe, Altyn depe, Jeýtun we Änew ýerleşendir. Gaýanyň ýüzündäki suratly Bezegli depe, Abiwertdäki, Sarahsdaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky gadymy galalaryň arhitektura toplumlary we aýratyn gurluşyklary bütindünýä bellidir.

Halkymyzyň gadymy, baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmek, geljek nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere hem-de gözel ýerlere daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary çekmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň häkimliklerine Meýilnamada görkezilen çäreleriň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Kabul edilen Meýilnamanyň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny resmilerşdirmek we hasaba almak boýunça işleri dowam etmek şeýle-de olary Döwlet sanawyna goşmak göz öňünde tutulýar. Taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek hem gaýtadan dikeltmek meselesi Türkmenistanyň gorag boýunça Milli dolandyryş edarasy tarapyndan çözülýär. Häzirki wagtda taryhy we medeni desgalaryň 1442-si döwlet hasabynda durýar. Ýadygärlikleriň umumy sanawynyň takmynan 80% -ni arheologiýa ýadygärlikleri tutýar, galan 20% töweregi arhitektura we ýek-täk taryhy ýadygärliklerine degişli.Olary goramak meseleleri şu günki gün dolandyryjy hünärmenleriň öňünde duran möhüm meseleleriň biri.

Jemal Orazmyradowa Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyna degişli desgalaryň doly sanawy beriljek taryhy-medeni mirasyň milli desgalaryn Döwlet sanawynda çap ediljek gysgaça habarlar neşirine görülýän taýýarlyk hakynda aýratyn durup geçdi. Sanawa giren ýadygärlikler Türkmenistanyň etraplaryň we welaýatlaryň ýerleşişi boýunça administratiw-territorial esasynda bölüner we elipbiý tertibende bellener. Häzirki resminama taýýarlyk birnäçe jiltden ybarat «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň toplumy» atly kitabyň taýýarlanmagy üçin ilkinji ädim.

Türkmen hünärmenleri öz daşary ýurtly kärdeşleri we dünýäniň öňde baryjy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýärler.

Diýarymyzda halkara ekspedisiýasynyň birnäçe arheologiki toplumlary işleýär. Olaryň medeni mirasy öwrenmekdäki gözleg işleriniň soňky netijeleri ajaýyp suratlar bilen bezelip şu ýylda çap bolup çykan ylmy ýygyndyda beýan edildi.