BSSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa şäherindäki Bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klüge bilen duşuşygy geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan duşuşyga ýokary derejeli hökümet wekiliýetleri gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde”Ýeketäk saglyk” konsepsiýasyny ösdürmek we durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin başlangyçlary hem-de Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýşy goldamagyň Ýol kartasy.

BSSG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Hans Klüge Merkezi Aziýa sebitine ileri tutulýan sebit hökmünde goldawyny beýan etdi, esasanam, Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýşy goldamagyň Ýol kartasyny bilelikde  işläp düzmek we ony ýerine ýetirmek boýunça işlerde.

Öz içine saglygy goraýyşyň uly bölegini aljak Ýol kartasy Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary tarapyndan kabul ediler diýlip çaklanylýar.