TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNÜNE BAGYŞLAP WELOSIPED ÝARYŞYNY GURNADY

photo

2022—nji ýylyň 30-njy maýynda Ýerewan welotreg sport toplumynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Ermenistanyň Welosiped federasiýasy bilen bilelikde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlap welosiped ýaryşyny gurnadylar.

Bu sport çärä Ermenistan Respublikasynda akreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatlary, Ermenistanyň Welosiped sportynyň federasiýasynyň agzalary, türgenler we sportçylar gatnaşdylar.

3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi.

2018-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 82-nji mejlisinde "3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni” Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa türkmen döwletiniň parahatçylygy, dostlugy we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.

2018-nji ýyldan bäri her ýyl Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy sport çäresini giňden bellemek däbe öwrüldi.

Ermenistan Respublikasynda akreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatlar, türgenler we sportçylar gysga we uzak aralykda geçirilen welosiped ýaryşynda öz başarnyklaryny görkezdiler.